Saýt boýunça gözleg
      Daily news
Biz hakda Täzelikler Makalalar Hukuk we azatlyklar Hasabatlar we dokumentler Dissident Forum  
Main Page Sitemap Write e-mail Русская версия English version Türkmen version
 
Makalalar | Maral Sazakowa Print version
 
Türkmenistanda rewolýusiýa bolarmy?
Dowamy
25.01.2011

Gyrgyzystanda hem, Tunisde hem korrupsiýa çümen prezidentler halk gazaby, oppozisiýanyň guramaçylykly işi netijesinde häkimiýetden çetleşdirildi. Emma Türkmenistanda ne gahar-gazaba çykýan halk, ne-de guramaçylykly oppozisiýa bar. Şeýle ýagdaýda rewolýusiýa barada gürrüň etmek ir dälmi?

Ynanyşýan klasdaşlarymyň biri maňa bu barada pensiýadaky kakasy bilen hem gürleşip görmegi maslahat berdi. 71 ýaşly  professor Orazow (ady üýtgedildi) Türkmenistanda rewolýusiýa bolup-bolmajagy baradaky soraga ajy ýylgyrdy-da, ilki: “Korrupsiýa bilen  ýaranjaňlyk  Türkmenistanda boljak rewolýusiýany sallançakda bogaýmasa ýagşy” diýdi. Ol soňra biraz pikirlenip şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, her hili ýagdaý bolsa-da, ahyry üýteşikligiň bolmagy gutulgusyz! Sebäbi hiç zat, şol sanda türkmen durmuşy hem bir ýerde durmaýar, ösýär.” Men professor Orazow bilen eden gürrüňimiň käbir böleklerini ýazga geçirdim.


Sorag. Türkmenistanda oppozision partiýalar, döwletden garaşsyz işleýän jemgyýetçilik guramlary ýok ýa açyk işläp bilenoklar. Nyýazowyň repressiw çäreleri halky syýasatdan daşlaşdyrdy,  soňky 25-30 ýylda ýetişen nesil sowet döwründe bilim alan nesle garanda okuw-bilimden binesip galan hasaplanýar. Munuň üstesine, işsizlik, neşekeşlik hem giň ýaýran, döwlet propagandasy bolsa aldawçylyk hüjümini barha güýçlendirýär. Şeýle ýagdaýda üýtgeşiklik bolup bilermi?


Professor Orazow. Syýasy oppozisiýanyň ýa garaşsyz jemgyýetçilik guramlarynyň bolmazlygynyň üýtgeşikligi yza çekýänligi dogry, ýöne çykalgasyzlygyň, basyşyň, ýalan propanadanyň üýtegşikligi çaltlaşdyrýan halatlary hem az däl. Süýtli gazanyň gapagyny ýayp goýsaň, aşagyndaky ot pessejilk hem bolsa, ol çogýar. Nyýazow şol gapagy berk ýapyp saklady, Berdimuhamedow hem şony etjek bolýar. Emma bu rewolýusiýa ýa hökümet çalyşmak synanyşygynyň bolmajagyny aňlatmaýar. Ýadyňyzda bolsa, Nyýazow 1994-nji ýylda Abdy Kulyýewiň adamlaryny  (Hoşaly Garaýew bilen Muhammetguly Aýmyradowy) Daşkentde tutduryp, Aşgabada getirip türmä basypdy. Sebäbi olar nähilidir bir üýtgeşiklik etjek bolupdylar. Soň Boris Şyhmyradowyň adamlary hem nähilidir bir üýtgeşiklik pikirini edipdiler. Häzir hemme zat anyk ýazylmasa-da, harbylaryň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň içinde-de üýtgeşiklik islänler we hereket etjek bolanlar azam bolsa bar. 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda harbylaryň Gazanjykdan Aşgabada tankly ugramagy hem Garaganda bir toý ýerinde atylyp öldürilmegi, general Muhammet Nazarowyň toparynyň köpçülikleýin türmä basylmagy ýöne ýerden bolan zatlar däl.


Sorag. Ýöne şol basha-baslyklar, repressiýa Türkmenistanda bolmaly özgerişleri bökdedi, ol ýene üýtgeşiklik bolmagynyň öňüni almazmy?


Professor Orazow. Belli bir wagta çenli alar, emma uzak däl. Sebäbi ol repressiýa ýalana daýanýar. Halk Abdy Kulyýewiň nähili ýaşap geçenini hem bilýär, Nyýazowyň nähili ýaşap geçenini hem bilýär. Häzir Türkmenistanda iň baý adam  Berdimuhamedow hasaplanýar. Halk ýokary gatlakda ýaşaýanlaryň nähili ýaşaýanyny görüp, özüniňki bilen deňeşdirip bilmez ýaly samsyk däl.


Sorag. Halkyň düşünjesi, tebigy akyly bir başga, hereket etmek, syýasy guramaçylyk ukyby hem bir başga zat. Galyberse, türkmen regionlarynyň bir-birinden daşlygy, tire-taýpa duýgulary, adamlaryň biri-birine ynanmazlygy hem diktator režimiň ömrüni uzaldýar. Siz bu faktorlary inkär edýärsiňizmi?

 

Professor Orazow. Men bu faktorlaryň hiç birini inkär etmeýärin. Ýöne Sowet sistemeasy hem uzak gitjek ýalydy. Emma ýykyldy. Ýogsa, sowet halky ony ýykjak bolup, ýarag alyp göreşe hem çykmady...


Sorag. Siz türkmen režimi hem Sowet soýuzynyň dargaýşy ýaly öz içinden, hökümet başyndakylaryň karary esasynda çalşyrylar öýdýärsiňizmi?


Professor Orazow. Ýok, men edil Sowet soýuzynyň dargaýyş sahnasy gaýtalanar öýtmeýärin. Ýöne şol bir wagtda bu işde halk köpçüliginiň rolundan dolandyryjy elitanyň roly has güýçli bolar öýdýärin.


Sorag. Pikiriňizi has anyk aýdyp bilmezmisiňiz?


Professor Orazow. Ilki Nyýazow bilen Berdimuhamedowy deňeşdireliň. Nyýazow häkimiýete basgançak-basgançak dyrmaşyp, sowet döwrüniň býurokratiki tejribesini öwrenip, özleşdirip geldi. Berdimuhamedowda bu tejribe ýok, ol häkimiýete Nyýazowyň gysgaldan ýaranjaňlyk, korrupsiýa ýoly bilen, aňsatja geldi. Aňsat gazanylan zat bolsa aňsat hem giderilýär.


Ikinjiden,  Nyýazow kadrlary saýlap almak we wagty gelende (özi üçin howply, şübheli görnende ýa-da populistik syýasat pida talap edende) ýok etmek meselesinde Berdimuhamedowdan çeýe hereket edýärdi. Meniň pikirimçe, ol kadr seçende tire, ýer dannamaýardy. Ol ýerli kadrlara öz hökmürowanlygyny berkitmek üçin çig mal ýa material hökmünde garaýardy we eger olar belli bir wagtlyk öz işine ýarar öýtse, olary ussatlyk bilen kerpiç edip ulanýardy. Sada halk muny hakykatdan hem halal, arassa kadrlaryň gözlegi hökmünde kabul edýärdi. Berdimuhamedow bu meselede dar pikirlenýär. Has dogrusy, ol özüni maryly we ahally tekeleriň kandidaty hasaplýar we ilkinji orunda Gökdepe, Aşgabat barada pikir edýär.   Nyýazow ogluny, gyzyny hem aýalyny häkimiýetiň golaýyna getirmedi (pul berse berendir!). Emma Berdimuhamedow bu meselede gowşak. Onuň kakasy, giýewisi hem beýleki garyndaşlary barada il içinde bir topar ýaramaz gürrüň bar. Gyrgyzystanda bolan rewolýusiýada şu mesele, garyndaşparazlyk we maşgala korrupsiýasy  uly rol oýnady.


Üçünjiden, populizm meselesine kembaha garamak bolmaz. Aýdaly, sada adamlaryň köpüsi, propaganda aldanyp,  Nyýazowy ýurt bähbidi üçin göreşiji hasaplaýardy. Sebäbi ol öz gurnaýan telesahnalarynda şol rolda ynandyryjy çykyş etmegi belli bir derejede başarýardy. Emma Berdimuhamedowda beýle talant ýok. Aslynda Nyýazow akylly, başarnykly adamlary uzak saklamaýardy. Onuň Nyýazowyň ýanynda uzak saklanmagy doly tabynlyk, gulçulyk häsiýeti we başarnyksyzlygy  bilen düşündirilip bilner. Nyýazow özüne doly tabyn bolýan adamlardan gorkmaýardy. Belki, şu-da onuň esasy ýalňyşy bolandyr.


Sorag.  Her hilem bolsa, Berdimuhamedow Nyýazowyň oýunlaryny dowam etdirýär. Bu oýunlar Nyýazowa ölýänçä häkimiýetde galmaga kömek etdi. Onsoň ol oýunlaryň Berdimuhamedowa şeýle kömek etmejegine nädip ynanyp bolar?


Professor Orazow. Gowy sorag,  Berdimuhamedow ol oýunlary düşünip, aňyrsyny görüp oýnanok, oýnamaly diýip oýnaýar, oýny bilmän ýa wagtyň talabyna görä üýtgetmän oýnaýar. Mysal üçin, ol Nyýazowyň kadr çalşyrmak we   gymmat gurluşyklar  syýasatyny dowam etdirýär. Bularyň biri onuň döremegi mümkin syýasy bäsdeşlerinden dynmagyna kömek etse, beýlekisi baýlygy öz elinde jemlemegine, başgalara gidermezligine kömek edýär.  Ýöne onuň kadr çalşygy Nyýazowyňky ýaly “gowy” sahnalaşdyrylmaýar. Nyýazow kadrlary çalşanda, garyp halkyň ýüreginde adalatyň ahyry ýeňjegine, gowulyk boljagyna nähilem bolsa bir umyt döreýärdi. Mysal üçin,  Gurbanbibi Atajanowa parahorlukda aýyplananda, ýa bolmasa, Ýolly Gurbanmyradow, Rejep Saparow ýaly adamlar türmä basylanda garyp halk begenýärdi. Emma Berdimuhamedow ministrleri işden aýranda munuň ýaly “utuş” gazanyp bilenok. Ikinjiden, onuň gymmat gurluşyklary Nyýazowyňkydan has kän. Ozal, Nyýazow döwründe otellere, ofislere belli derejede zerurlyk bardy. Indi bu gurluşyklar, olaryň bahasy gaty çenden-çakdan çykdy we şol gurluşyklar arkaly pul ogurlanýandygy barada halk içinde giňden gürrüň edilýär. Bu zatlar Berdimuhamedowyň jübi bähbidine bolsa-da, syýasy peýdasyna däl.


Sorag.  Il içinde “Berdimuhamedow neşekeşlige, neşe söwdasyna garşy göreşde Nyýazowyň edip bilmedik zadyny etdi” diýen pikir bar. Galyberse, ol ýuwaş-ýuwaşdan Nyýazowyň ters işlerini düzedýär ýa düzetjek bolýar diýýänler hem az däl. Bular Berdimuhamedowyň pozisiýasyny berkitmeýärmi?


Professor Orazow. Bular onuň pozisiýasyny başda berkidýärdi. Ol belli bir wagta çenli hem ýurt içinde, hem ýurt daşynda reformaçy bolup göründi. Pensiýalar, bilim, daşary syýasat babatda  ädilen ädimler onuň peýdasyna boldy. Ýöne häzir, meniň pikirimçe, Berdimuhamedowyň hiç zady düýpli üýtgetmejegine köpler düşünýär. Ol, başda aýdyşy ýaly,  özi üçin Nyýazowyň “içeri hem daşary syýasatyny dowam etdirmekden” başga çykalga ýa alaç görenok. Ýöne ol, şu wagta çenli eden işlerinden netije çykarsak,  ne Nyazowyň ýoluny dowam etdirmäge ukyply, ne-de öz ýoluny gurmaga. Berdimuhamedow Nyýazowy doly paş eder ýa demokrat bolar diýmek örän sadalyk bolar. Eger ol Nyýazowy paş etse, özi hem paş bolar. Ol muňa gowy düşünýär. Meniň pikirimçe, onuň Nyýazowyň türmä basan öňki resmilerini azat etmek ýa olary gaýtadan, açyk sud etmek baradaky halkara çagyryşlaryna gulak asmazlygy hem şu sebäpden. Ýöne ol umumy amnistiýa edip, şol adamlary azat eden bolsa, özi hem gümürtik daşary ýurt firmalary bilen gerekmejek binalary gurmak barada baglaşylan gymmat bahaly kontraktlara gol çekmäge aşa gyzykmadyk bolsa, Nyýazowyň ýolundan sowlup bilerdi. Emma indi onuň yza gaýdyp bilmejegi köp kişä düşnükli. Meniň pikirimçe, şu-da onuň pozisiýasyny has gowşadýar.


Sorag.  Siziň diýýän üýtgeşikligiňiz nähili ýagdaýda ýa esasda bolup biler?


Professor Orazow. Gyrgyzystanda, Tunisde  halky proteste çykaran häkimiýetdäki korrupsiýa diýip düşünýärin. Türkmen häkimiýetleriniň bu meseledäki hal-ahwaly bakyýewleriňkiden ýa Ben Aliniň ýagdaýyndan ýeňil däl, agyr bolmaly.


Sorag. Gyrgyzystanda, Tunisde syýasy oppozisiýa bar, jemgyýetçilik guramalary, metbugat, aktiw halk bar, emma Türkmenistanda bular ýok. Bulary ýatdan çykarmaň!


Professor Orazow. Dogry, ýöne sizem Türkmenistanda şo zatlar ýok wagty hem hökümeti çalyşmak üçin birnäçe synanyşygyň bolanyny ýatdan çykarmaň. Men häzir türkmen metbugatynyň Berdimuhamedowdan ikinji Nyýazowy ýasajak bolşuny synlaýaryn. Bu gaty gülkünç. Adamlar muňa aç-açan gülýärler. Nyýazow döwründe beýle däldi. O mahal ýalan propaganda gülýänler azdy, ynanýan ýa ynanasy gelýän kändi. Indi tersine, sebäbi durmuş, ýaşaýyş adamlara ajy sapak berdi, köp adam garyp düşdi, tozdy, ogul-gyzy işsiz, neşekeş bolan hem sanardan kän. Emma Berdimuhamedowyň ýakyn adamlary baýady. Ilkiler adamlar her täze metjit salnanda begenýärdiler, indi her gurluşyga talaň, ogurlyk obýekti hökmünde garaýarlar. Olar ozal daşary ýurtdaky oppozisiýa, Abdy Kulyýew geler, halkara jemgyýetçiligi, demokratik ýurtlar kömek eder diýýärdiler. Indi daşardan hiç kömek bolmajagy hemme kişä düşnükli. Gyrgyzystandaky waka BMG-niň başlygy Bişkege gelip gidenden soň boldy, diýmek ol ýerde-de halkara guramalaryndan netije ýokdugyna gowy düşünýärler.


Sorag.  Siz şu düşünje ýa tejribe üýtgeşiklige getirer diýýärsiňizmi? Nädip beýle zat bolup bilsin ahyryn?


Professor Orazow. Muny anyk aýtmak kyn. Ýöne halk nägile, hatda Berdimuhamedowyň esasy daýanjy hasaplanýan Ahal we Mary welaýatlarynyň halky hem örän nägile. Ol oba hojalygynda ýagdaýy düzetjek diýen wadasyny ýerine ýetirmedi, bazarda harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagy, inflýasiýa bolsa pensiýa berip gazanan abraýyny hem püçege çykardy. Munuň üstesine,  içinde Gozel Şagulyýewa ýalylar baram bolsa, intelligentsiýa wekilleriniň  hem  köpüsi öňki ýaly hem prezidenti öwüp masgara bolmak we gedaý ýaşamak islemeýär.


Sorag. Prezidentiň kanunlary liberallaşdyrmak, türmä basmagyň ýerine jerime salmak ýaly teklipleri onuň reformaçy pozisiýasyny berkitmeýärmi?


Professor Orazow. Kanunlar liberallaşdyryldy ýa liberallaşdyrylmady, parhy ýok, Türkmenistanda kanunlar işlemeýär, sebäbi olar açgöz häkimiýetlere bagly. Kanunlaryň işlemegine kepil bolmaly prezident daşary ýurt firmalary bilen gurluşşyk kontraktlaryny baglaşmak, täze binalary açmak we özüni öwdürmek bilen meşgul. Ol prezident şeýle bolmalydyr öýdýär, sebäbi onuň gören göreldesi şol. Şu sebäpden hökümet we häkimiýet sistemalary  boýdan-başyna korrupsiýa çümen, işsizlik ýokary derejede. Diýmek, basa-baslyk, adalat sistemasyndaky parahorluk, raýatlary bolan hem bolmadyk kanun bozmalar esasynda yzygider, köpçülikleýin türmä basmak we para bermäge mejbur etmek  dowam eder. Bizde hukuk döwletiniň hiç bir esasy ýa başlangyjy döremedi. Häkimiýetiň üç şahasy hem, ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy we sud häkimiýetlri  bir adamyň elinde. Bu ýurdy ysmaz hala salýar, ykdysdyýeti hassa, ölmez-gülmez edýär. Eger demokratik diýilýän ýurtlaryň birinde şeýle zat bolsa, derrew metbugat goh-galmagal turuzýar. Emma bizde metbugatam ýok ýa-da öli metbugat bar.


Sorag. Prezident Berdimuhamedow geçen ýyl syýasy partiýalary döretmäge wagt ýetendigini aýtdy, hususy gazetler barada hem käbir ädimler ädilýän ýaly. Bular umyt beriji täzelikler dälmi?


Professor Orazow. Birinjiden, prezident geçen ýyl syýasy partiýalaryň hasaba alnyp bilinjegi barada dilinden sypdyran sözlerini derrew, bu meselede gyssanmaly däldigini we Daýhanlar partiýasynyň döredilip bilinjegini aýdyp, gyssanmaç yzyna aldy. Bu onuň syýasy partiýalar, onda-da oppozision partiýalar meselesinde öz anyk pikiriniň ýokdugyny ýa-da beýle bäsleşige taýýar däldigini görkezýär. Meniň pikirimçe, şeýle ýagdaýda, bir partiýaly ýurt diýen ýaramaz atdan dynmak üçin Daýhanlar partiýasy döredilse hem, bu ýurtda köppartiýaly syýasy sistemanyň döreýändigini aňladyp bilmez.  

Tersine, bu  aşakdan güýç alyp gelýän köppartiýalylyk tolkunynyň garşysyna görüljek bolýan çäre ýa-da basyljak bolýan gum böwet  diýip hasaplaýaryn. Gum böwet bolsa sil saklamazmyş. Ol Daýhanlar partiýasyny döredip, hem halkara jemgyýetjiligini aldajak, hem şol aşakdaky tolkuny basyp ýatyrjak bolýar.


Sorag. Eger garaşsyz metbugat dörese, hökümet gözboýagçhylygynyň üsti açylmazmy?


Professor Orazow. Berdimuhamedow garaşsyz metbugata ýol açyp bilmez. Häzir ýasama, ýalan hususy metbugat döredilýär. Emma bilimli adamlar internetde rus, iňlis we türkmen dilinde  çap edilýän makalalary okaýarlar. Türkmen  meseleleri  barada internet saýtlarynda  çykýan makalalar haky garaşsyz metbugatyň türkmen durmuşyndan hem sowa geçmejegini görkezýär. Ol makalalar  türkmen pikir-düşünjesine täsir edýär, diýmek, syýasy oýanyş prosesi bireýýäm başlandy diýip bolar. Bu prosesi saklamak ýa duruzmak Berdimuhamedowa  başartmaz, sebäbi onuň halky nirede we nähili saklajak bolýanyna, eger başarsa, Nyýazowdan beter diktator boljagyna  hemme kişi diýen ýaly düşünýär. Ol diňe özüni aldaýar. Meniň pikirimçe, şu çäkli düşünjesi hem ony heläk eder.


Sorag. Türkmenistanda rewolýusiýanyň bolmagyny repressiw režimden başga anyk nämeler  yza çekýärr?


Professor Orazow. Şu wagta çenli rewolýusiýany türkmen halkynyň aşa çydamlylygy hem dagynyk tire-taýpalardan durmagy gijikdirip geldi. Mysal üçin, Ahalda bolan protest aksiýalaryny ne Mary goldady, ne-de beýleki regionlar. Ýöne Boris Şyhmyradowyň toparyna giren adamlar türkmeniň dürli tireleriniň wekilleriniň birleşip, diktatura garşy göreşip biljegini görkezdi. Bu proses indi täzeden gaýtalanmaly,  Boris Şyhmyradowyň gyssanmaçlygy bir topar adam zaýaçylygyna, diýmek, rewolýusiýanyň yza çekilmegine  sebäp boldy. Ýöne bu proses indi ozalky prrezidentde bolşy ýaly beýle köp wagt alman, çaltrak hem gaýtalanyp biler.  Käbirleri Berdimuhamedowyň özüne duşman döretmekde Nyýazowdan has çalasyn we netijeli işleýändigini, aşa nebisjeňligi,   kadrlary çalt-çaltdan çalşyrmak bilen eýýäm ýeterlik duşman gazanandygyny aýdýar.  Mundanam başga, işden aýrylýan ýa işläp ýören resmiler Berdimuhamedowdan  Nyýazowdan gorkulyşy ýaly gorkanoklar. Ikinji tarapdan, onuň özüne bäsdeş döretmejegi, diýmek çala baýan resmileri yzygiderli bortdan zyňmaga synanjagy hem düşnükli. Bu ýagdaý garşylygy has-da ýitileşdirýär. Nyýazow hem öz garşydaşlaryny şeýdip ysgyndan gaçyrypdy. Onsoň resmiler, isleseler-islemeseler hem, özlerini, öz garyndaşlaryny we emläklerini  goramagyň pikirini etmäge mejbur bolarlar. Ýogsa-da olara Batyr Sarjaýewiň, Sapar Seýidowyň, Muhammet Nazarowyň, Gurbanbibi Atajanowanyň we beýlekileriň ykbaly garaşýar. Halkam ikinji Nyýazowyň döremegini we tä ölýänçä ýene bir diktatoryň däliliklerine çydamak islänok. Şol bir wagtda häkimiýetleriň  halkyň barha ösýän iş, durmuş talaplaryny kanagatlandyryp bilmejegi düşnükli. Emma halk gowy ýaşamak isleýär. Adamlar  häkimiýet wekilleriniň we olaryň çagalarynyň nähili baý ýaşaýanyny görýär.  Emma häkimiýet wekillerini polisiýa, howpsuzlyk gulluklary goraýar, ýönekeý adamlar beýle goragdan mahrum we sähel bir artykmaç gymyldy etse, para bermäge mejbur edilýär. Bu talaň adamlary pikirlendirýär, çykalga gözlemäge mejbur edýär. Tejribeden  görnüşine görä, halkyň ozalkysy ýaly dolandyrylmak islemezligi, häkimiýetleriň bolsa ozalky ýaly dolandyryp bilmezligi rewolýusiýanyň esasy düşegi bolýar. Bu faktor Türkmenistanda üýtgeşikligiň boljagyny, onuň gutulgusyz bir zatdygyny  görkezýär diýip pikir edýärin.


Sorag. Türkmenistanda  polisiýanyň, harbylaryň güýçlendirilmegi, Bwerdimuhamedowyň howpsuzlyk gullugynyň işgärlerinden döwlete töhmet atýanlara garşy barlyşyksyz göreşi talap etmegi  siziň diýýän üýtgeşikligiňizi has yza çekmezmi?


Professor Orazow. Tunisde gozgalaň polisiýanyň sütemine çydaman özüni otlan raýatyň protesti netijesinde tutaşdy. Şu wakadan görnüşine görä, käkimiýetleriň sütemi, basyşy güýçlendirmegi  iki hili netije berip bilýär. Türkmenistanda gäýç gulluklaryndan halk örän ýadaw. Emma Nyýazow döwründe Milli howpsuzlyk ofiserleriniň onlarçasynyň türmä basylanyny, pitnäniň harbylaryň, howpsuzlyk gulluklarynyň içinden hem turup bilýänini unutmalyň. Berdimuhamedow häzir olara sylag-serpaý ýapan bolýar, ýöne olar öz depelerinden paltanyň hem abanyp durandygyny, özlerinden öňkülere näme bolanyny  gowy bilýärler. Hiç kim beýle ikuçly ýagdaýda ýaşamak, işlemek islemeýär.


Sorag. Gazagystanda parlament prezidentiň möhletini referendum esasynda uzaltmak baradaky kanun düzedişini tassyklady. Türkmen prezidenti hem şeýle bir zat edip, saýlawsyz lider bolmaga çalyşmazmy?


Professor Orazow. Aslynda, Gazagystanda, Orsýetde prezidentlik hem saýlaw, referendum babatda bolýan zatlar Türkmenistanda bolan zatlaryň başgarak usulda gaýtalanmasy diýip pikir edýärin. Nazarbaýew hem, Putin hem Nyýazowdan nusga aldylar. Ýöne olaryň ýurdundaky ýagdaý biraz başga, bizdäki ýagdaý hem başga. Mysal üçin, olarda syýasy partiýalar, garaşsyz metbugat bar. Bu adamlaryň gahar-gazabyny egismäge  yş açýar. Emma bizde hemme zat ýapyk. Şol bir wagtda adamlaryň nägileligi ösýär. Şu-da bizde boljak zadyň  nähili boljagyny çaklamagy kynlaşdyrýar. Mysal üçin, 2008-nji ýylyň sentýabrynda Hitrowkada hökümet güýçleri bilen diňe iki sany ýaragly adamyň arasynda bolan çaknyşygy ýatlalayň. Şonda häkimiýetler örän aljyradylar (Nyýazow döwründe Gazanjykdan Aşagabada ugran  tankçylar hem şeýle aljyraňňylyk döredipdi. Emma beýle zatlar Gazaystanda bolmady, ol ýerde halkam kän gowy ýaşaýar.).  Bizde şeýle çaknyşyklaryň ýene döremejegine kepillik ýok, sebäbi häkimiýetler halka edýän sütemlerini güýçlendirmese, kemeldenok. Bu Şiri molla Geldimyradowyň maşgalasynyň başyna getirilen zatlardan hem belli. Maňa gelýän maglumatlara görä, Ahalda, Balkanda hem Maryda halkyň prezidentden nägileligi barha  ösýär. Emma ol bu nägilelige düşünerden  “ýaş” görünýär.

 
   
Comments
Write comment
   
No comments.
   
 
 
19.12.2010, 09:07
Köpartiýalylyk aladasy

27.02.2010, 09:34
Duşuşykdan soňky duşuşyk

 
Archive
 
Mail list
Galleries
 
 
Partners
 
Форум
 
Центр экстремальной журналистики
 
FreedomForSale
 
Follow us on Twitter
 
 
Рейтинг@Mail.ru
Rambler's Top100Rambler's Top100
 
 
© Türkmenistanyñ Hronikasy 2009 - 2017