Saýt boýunça gözleg
      Daily news
Biz hakda Täzelikler Makalalar Hukuk we azatlyklar Hasabatlar we dokumentler Dissident Forum  
Main Page Sitemap Write e-mail Русская версия English version Türkmen version
 
Makalalar | Maral Sazakowa Print version
 
Türkmenistanda rewolýusiýa bolarmy?
18.01.2011

Musulman dünýäsinde halklar oýanýar, prezidentler bolsa ýatyp bilmeýär. Gazagystanyň parlamentiniň 14-nji ýanwarda prezidentiň ygtyýarlygyny uzaltmak üçin Konstitusiýa girizilen düzedişi tassyklamagy hem şu ýagdaý bilen bagly. Ýogsa, prezident Nursoltan Nazarbaýew biraz öň özüniň prezidentlik möhletiniň referendum arkaly uzaldylmagyna garşy çykypdy. Indi, Konstitusiýa gririzilen düzediş esasynda, Nazarbaýewiň prezidentlik möhleti 2020-nji ýyla çenli uzaldylyp biler.

70 ýaşly Nazarbaýew Gazagystana eýýäm iki onýyllyga golaý  baştutanlyk edýär. Ýöne bu kanun düzedişi Nazarbaýewiň ýene 10 ýyl we belki ondan hem kän döwlet baştutany boljagyny aňladýarmy? Bu soraga jogap bermek kyn. Sebäbi halky hemişe basyş, depgi astynda, ýalan bilen saklap bolmaýar. Gazagystanda prezidentlik möhletini saýlawsyz uzaltmak baradaky kanunyň tassyklanan güni Tunisde bolsan waka, 23 ýyl häkimiýet başynda bolan prezidentiň ahyry ýurtdan gaçmagy musulman dünýäsinde halkyň indi diktatura astynda ýaşamak islemeýändigini görkezýär.


Gazagystan bilen Tunisiň ýagdaýy başga, olaryň biri arap dünýäsine, beýlekisi post-sowet reallyklaryna degişli diýilmegi mümkin. Emma men bu netijä biraz irräk, has dogrusy geçen ýyl, gyrgyz wakalary mahalynda geldim.


Meniň geçiren hususy pikir soraşlyklaryma görä, Gyrgyzystanda bolan aprel rewolýusiýasy türkmenistanlylara hem ullakan pikir, düşünje sapagy boldy. Ýogsa, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri gyrgyz wakalary barada hiç zat habar bermedi. Türkmenistanyň döwlet baştutany bolsa, hamala, gyrgyz kärdeşiniň başyna düşen gowgany görmedik, eşitmedik boldy. Emma türkmen halky gyrgyz rewolýusiýasyny gördem, eşitdem.


Türkmenistanda söz, metbugat, ýygnanyşmak azatlygynyň, garaşsyz jemgyýetçilik gurmalarynyň, erkin pikir soraşlyklaryň ýoklugy üçin ol ýa-da beýleki hadysa barada kimiň näme pikir edýändigini anyk aýtmak kyn. Ýöne halk köpçüliginiň ýokary gatlak, dolandyryjy elita ýa-da hökümet başyndaky adamlar bilen deň pikirlenmeýändigini, orta we aşaky gatlagyň durmuş wakalaryna häkimiýetlere garanda düýpden başga göz bilen garaýandygyny açyk aýdyp bolar.

 

Il içindäki ýagdaý


Gyrgyz rewolýusiýasyndan soň men il içinde, adamlaryň özara gürrüňlerinde aýdylýan, diýilýän zatlara aýratyn üns berdim.  Türkmenistanda syýasy azatlygyň ýoklugyna we halk köpçüliginiň syýastdan çeke durýandygyna garamazdan, ol ýa-da beýleki ýurtda bolýan syýasy wakalar il içinde özboluşly bir görnüşde ara alnyp maslahatlaşylýar, analiz edilýär.  Kadalay  ýagdaýda metbugatda, syýasy partiýalaryň, profsoýuzlaryň, jemgyýetçilik gurmalarynyň  ýygnagynda edilmeli gürrüňler Türkmenistanda toýda, ýasda ýa hudaýýoluda, bazarda, ýolda, awtobus duralgalarynda, metjitlerde edilýär. Elbetde, repressiw syýasyatyň netijeleri bildirýär, ilatyň syýasy pikir-düşünjesiniň derejesi o diýen ýokary däl. Ýöne aga-gara düşünýän adamlar öz tanyşlary, dostlary, garyndaşlary, goňşulary bilen iç döküşmän bilmeýärler. Bu gyrgyz wakalary babatda hem şeýle boldy.


Gyrgyzystanda bolan rewolýusiýa Merkezi Aziýada hem diktatura we korrupsiýa “ýok” diýip boljagyny görkezdi. Özem bu gyrgyz halkynyň diktatura ikinji gezek gaýtawul berşi. Ozal olar Askar Akaýewi gaçmaga mejbur edipdiler.


45 ýaşlaryndaky Myrat öz hususy maşyny bilen taksiçilik edýär. Men onuň maşynyna Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda münüp, Köşä äkitmegini haýyş etdim. Ol maşyn ýerinden gozganyp-gozganmanka gyrgyz wakalaryndan söz açdy: “Bäh, gyrgyzlar zor çykdy-aýt, halk diýeniň şoň ýaly bolaýsa!..” Men onuň maşynyň öň aýnasyndan özümi synlaýanyny görüp, “Halkyň sabyr käsesi dolsa, şeýle bolar” diýdim.


“Onda biziň halkymyz nämä garaşýarka?” Sürüji maňa pikirimi dowam edere salym bermän seslendi. “Ýa bizdäki ýagdaý Gyrgyzystandakydan ýeňilmi?” Men birbada ýaýdandym. Sebäbi gürleşýän adamymyň kimdigini bilemokdym. Ol muňa düşünen ýaly, aýnadan yza seretmesini goýup, sesini ýuwaşadyp gepledi: “Men Myrat, döwlet işinden çydaman çykdym, taksiçilik edýän, ýöne biziň şu ýagdaýa çydap oturşymyz bilen hiç razylaşyp bilemok. Biziň ýolbaşçylarymyz Askar Akaýewdenem,  Kurmanbek Bakyýewdenem has erbet, bu ýerde edilýän ogurlygyň aňyrsy-bärsi ýok. Halkymyz bolsa, gyrgyzlardan has erbet ýaşaýar. Sebäbi bizde  gaz, elektrik we suw mugt diýilse-de,  hiç hili azatlyk ýok.”

 

Halk demokratiýa taýýarmy?


Men köşüli tanşym Ata mugallyma (ady üýtgedildi) taksiçi Myradyň diýen zatlaryny gürrüň berdim. Ol başyny ýaýkady: “Bizde ikiçäk gürrüň edilse, halk demokratiýa taýýar. Emma üýşüp, açyk gürrüň hem hereket etmeli bolsa, halk demokratiýa taýýar däl. Her kim özünden gorkýar, öz maşgala agzalaryna bir zat edilmeginden gorkýar, işini ýitirmekden gorkýar. Aý, garaz, gorkýan zady kän bu adamlaryň. Belki, gorkar ýaly hem bolandyr...” Ata mugallym şeýle diýip, agyr dymdy. Men onuň pikirini anygrak aýtmagyny soradym. “Men halkyň gorkaklygyny bolşewikleriň eden zalymlygy bilen baglaýanlary doly goldamok. Ýöne bolşewikler diňe baýlary, mollalary, batyr, edenli adamlary ýok etmedi, nalajedeýin, ikýüzli, ýalta, ogry adamlary hem ýetişdirdi. Muňa Nyýazowyň töweregine üýşen, ony öwen we ogurlyk eden  adamlar näçe diýseň mysal bolar...”  “Bolşewikler diňe Türkmenistanda bolmady, Gyrgyzystanda hem boldy...” Men Ata mugallymyň sözüni böldüm.  Ata aga biraz dymdy-da, gaharly gepledi: “Men gyrgyzlary biljek däl, olar bilen tanyşlygym ýok, ýöne türkmen gyrgyzdan erbet ýaşaýar diýilýäni bilen ylalaşamok. Bizde gaz bar, şolam hökümetiň elini hem dilini biraz uzaldýar. Has dogrusy, halky ite süňk oklan ýaly edip aldaýarlar. Halkyňam köp bölegi şol aldawy gowy görýär, sebäbi olaryň göreşesi gelenok. Göreşesi gelmeýenem bahana, gep, gybat gözleýär.  Beýle halk rewolýusiýa edip bilmez.”



“Maýmyn öz erkine oýnaýarmy?”


Men Aşgabatda ýaşaýan bir taryhçy alymdan “türkmen halky demokratiýa taýýar däl” diýen pikire nähili garaýarsyňyz?” diýip soradym. Ol ýylgyryp, “maýmynam öz erkine oýnamaýar” diýdi. Soň ol biraz pikirlenip, sözüni has anyklaşdyrdy: “Hiç halk hem öz-özlüginde demokratiýa taýýar bolmaýar. Durmuş wakalarynyň ösüşi halky demokratiýa, halk häkimiýeti baradaky pikire  ýa hakykata ýakynlaşdyrýar. Bu ýerde bir topar faktor bar. Mysal üçin, 1985-nji ýylyň üýtgedip gurmasy Türkmenistanda hem syýasy pikirleriň janlanmagyna getirdi. Emma türkmen halky SSSR dargandan soň S. Nyýazowyň populistik syýasatynyň duzagyna düşdi.”

Men taryhçynyň sözüni böldüm: “Nyýazowa garşy duranlar, hatda ony häkimiýetden gyraklatmaga synanyşyk edenler hem boldy ahyryn. Emma şeýle adamlar  “dönük”, jenaýatçy”, “terrorçy” diýlip yglan edildi...”


“Hawa, Nyýazowa garşy duranlar boldy, ýöne olar halk goldawyny gazanyp bilmedi.  Bu bir tarapdan režime garşy duran adamlaryň syýasy tejribesiniň ýetmezligi bilen bagly bolan bolsa, ikinji tarapdan türkmen halkynyň mentaliteti bilen bagly. Biziň adamlarymyz “depegenden daşrak” diýen pähime ýykgyn edýärler. Nyýazowyň režimi bolsa hem depýärdi, hem gapýardy.”


“Onda biziň halkymyz, depegenden daş durýanlygy üçin, öz hökümetini çalşyrmaga ukyply däl-dä, siz şeýle diýjek bolýarsyňyzmy?” Men ýene sorag berdim.


“Ýok, men halky ol ýa-da beýleki zada ukypsyzlykda günälemek islemeýärin. “Türkmen sada,  kanagatly halk” diýýärler. Bu häsiýetler her bir halka mahsusmyka diýýärin. Hiç bir halk hem, meniň pikirimçe, keýpine dawa edip, galmagal turzup, ýok ýerinden şer gözläp ýören däldir. Meniň kärdeşlerimiň içinde türkmenler has ýuwaş we ynanjaň  halk diýýänleri hem bar. Onsoň Nyýazow dilde halky bal kölüne batyranda, agzynda aş gatyklanda, köp adamyň oňa ynanasy geldi. Ol halkyň ynamyndan, umydyndan peýdalanyp, ony öz anti-halk syýasatynyň pidasyna öwürdi...”

 

Dowamy bar

 
   
Comments
Write comment
   
Alex | 19.01.2011
Сообщение: “Bizde ikiçäk gürrüň edilse, halk demokratiýa taýýar. Emma üýşüp, açyk gürrüň hem hereket etmeli bolsa, halk demokratiýa taýýar däl. Her kim özünden gorkýar, öz maşgala agzalaryna bir zat edilmeginden gorkýar, işini ýitirmekden gorkýar. Aý, garaz, gorkýan zady kän bu adamlaryň. Belki, gorkar ýaly hem bolandyr...”

C нишими Министерствами страх никогда не закончиьтся. но предел есть у всего. а народ никуда не торопиться + страх последствий.
Я за свободу слова. но где "открыто" найти сподвижников?
······
 
 
 
19.12.2010, 09:07
Köpartiýalylyk aladasy

27.02.2010, 09:34
Duşuşykdan soňky duşuşyk

 
Archive
 
Mail list
Galleries
 
 
Partners
 
Форум
 
Центр экстремальной журналистики
 
FreedomForSale
 
Follow us on Twitter
 
 
Рейтинг@Mail.ru
Rambler's Top100Rambler's Top100
 
 
© Türkmenistanyñ Hronikasy 2009 - 2017