Saýt boýunça gözleg
      Daily news
Biz hakda Täzelikler Makalalar Hukuk we azatlyklar Hasabatlar we dokumentler Dissident Forum  
Main Page Sitemap Write e-mail Русская версия English version Türkmen version
 
Makalalar | Garagöz Işan Print version
 
Medeni-köpçülik zorlugy
09.01.2011

Medeniýet we tele-radio gepleşikler ministrligi 7-nji ýanwarda Ministrler kabinetiniň başlygynyň medeniýet we sungat wekilleriniň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetrimeklige bagyşlanan maslahat geçirdi.

“Maslahata medeniýet pudagynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň we habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, Ministler kabinetiniň mejlisinde prezidentiň eden sargytlaryny durmuşa geçirmek üçin ilkinji nobatda edilmeli işleriň programmasy barada geňeşdiler” diýip, TDH ýazýar.

Ara alnyp maslahatlaşylan esasy  mesele Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyygyny bellemek bilen bagly çärelere taýýarlyk, medeni-köpçülik işleri, şol sanda umumimilli dabarany geçirmek barada bolupdyr. Masalahata gatanşyjylar Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ýokary derejede, garşylamak üçin güýçlerini, bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajaklaryny aýdypdyrlar. TDH bu baýramyň häzirki zaman Türkmenistanynyň taryhynda iň uludan tutulan toý dabarasy boljagyny ýazýar.

Prezident G. Berdimuhamedow bu baýramy  bellemek üçin welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň her birine iki ýüz müň amerikan dollaryny, jemi  1 million 200 müň dollar goýbermek baradaky karara gol çekdi.

Bu habar türkmeniň “Garynja gara günde, gurbaga saz bilen söhbetde” diýen pähimini ýada salýar.

Ozalky prezident S. Nyýazow medeniýet, edebiýat we sungat işgärlerinden halkyň ruhuny belent saklamagy talap ederdi. Soňky dört ýylda medeni-köpçülik çäreleriniň barha gürelmegi  G. Berdimumhamedowyň öz halypasyndan alan iň uly sapagynyň ýalan ruhubelentlikdigini  görkezýär. Türkmen halky indi şol ýalana 20 ýyla golaý zor bilen, mejbury şärik edilýär.

Nyýazowdan miras galan “ruhubelentlik” döredijilik intelligensiýasynyň, ýaşulularyň we din wekilleriniň gatnaşmagynda, ýagny wagyz we reklama etmeginde  “satylýar”. G. Berdimuhamedow başda öz öňünden çagalaryň çykarylmazlygyny haýyş etdi, emma soň ýaş nesli okuwdan-bilimden kesip, medeni-köpçülik çäreleriniň janly pidalaryna öwürmekde Nyýazowdan has öňe geçdi. Döwlet eýeçiligindäki metbugat tarapyndan  ýaşlaryň “watançylyk, ruhy-ahlak we estetiki terbiýesi”  hökmünde wagyz edilýän medeni-köpçülik çäreleri ýönekeý halk üçin zorluga, süteme ,ejire aýlandy. Adamlar ikiçäk gürrüňlerde bu zorlukdan dat-bidat edýärler.

 

Baý ýurduň garyp halky

Türkmenistan ýerasty baýlyklara baý, uly territoriýaly, 5-6 million ilaty eklemek üçin ýeterlik ekerançylyk we öri meýdany bolan, uruş-gowgasyz, turizm mümkinçiligi uly, deňizli, dagly, çölli ýurt. Emma onuň ilaty soňky 20 ýylda  garyp düşdi. Iň ýönekeý hasaplamalar hem ilatyň işe ukyply böleginiň pesinden 50 prosentiniň işsizdigini, köp adamyň wagtlaýyn, pes tölegli işlerde işläp güzeran aýlamaga çalyşýandygyny görkezýär.

Hakykatda soňky 20 ýyl halk köpçüligi üçin kemsitme, depeleniş döwri boldy. Işsiz adamlar gazanç gözleginde her hili zada baş urdular. Bu döwürde daşary ýurtlara çykanam, ýurt içinde neşe söwdasyna, başga jenaýatlara baş goşanam, biwagt ölenem, maýyp bolanam, dul galan naçaram, ýetim ösýän çaga-da sanardan kän.

Eger soňky 20 ýylda işini ýitiren, okuwsyz galan, jenaýat eden we türmä basylan, jaýy ýykylan, häkmiýet wekilleriniň talaňyndan tozan, dürli sebäpler esasynda  ýurdy terk eden raýatlaryň sany çap edilse, Türkmenistanda hakyky watançylyk duýgulary üçin hiç esasyň ýokdugy, hökümetiň ol duýgulary barha gödekleşýän ýalan bilen her bir adamda öldürýändigi  belli bolar. Bu ýagdaý başaran adamyň ýurtdan gitmegine, bolmanda çagasyny daşary ýurda ibermegine, okuwa gidenleriň gelmezligine, netijede ýurt kuwwatynyň adam, beýni baýlygy meselesinde barha pese gaçmagyna sebäp bolýar.

 

Ýalan ruhubelentlik kime we näme üçin gerek?

G. Berdimuhamedow medeni-köpçülik çäreleri, dabaraly baýramlary geçirmek we halky olara gatnaşdyrmak hakynda köp gürrüň edýär. Ol döredijilik wekillerinden “döwrüň talaplaryna mynasyp, täze taryhy eýýamyň ideallaryny wasp edýän, ýaşlaryň watançylyk, ruhy-ahlak we estetiki  terbiýesine peýdaly eserleri döretmegi” talap edýär.  Diýmek, ýalan ruhubelentlik ilkinji nobatda prezidente gerek.

Eger döwlet raýatlara işlemegä hem gurplanmaga, mülk edinmäge, öz biznesini ýola goýmaga, çagalaryny islän ýerinde okadar ýaly bolmaga kanuny kepillik we şert döreden bolsady, onda adamlaryň öz watanlaryny söýmegi üçin ýaranjaň şahyrlaryň goşgulary gerek bolmazdy. Olar erkin daşary ýurtlara giderdiler we gaýdyp gelerdiler. Baran ýerlerinde “Men türkmen, Türkmenistandan  geldim” diýerdiler. Emma olar hazir ne erkin ýurtdan gidip bilýärler, ne gelip, ne-de öz korrupsiýa, ýalana çümen ýurtlaryna buýsanyp...

S. Nyýazow bir gezek telewideniýede berlen çykyşynda daşary ýurtlara gidip neşe, ten söwdasyny edýän türkmen aýllaryny tankytlap, olaryň bu işi meslikden edýändigini aýdypdy. Dogry, ilçilik, mesem, pesem bardyr. Emma daşary ýurt dillerini bilmeýän, hünärsiz, öz ýurdunda hiç bir kanuny, sosial goragy galmadyk, işsizligiň we korrupsiýanyň pidasy bolan we daşary ýurtlarda gazaply bazar  synagyna uçran raýatlaryň köpüsiniň  meslik ýadyna düşmese gerek.

Soňky 20 ýylda hökümetiň halka garşy syýasaty netijesinde  türkmenleriň müňlerçesi hem ýurt içinde, hem ýurt daşynda gulçulyk ýagdaýyna düşdi. Olar ýurt içinde şol bir iş üçin daşary ýurtlulardan on essä golaý az aýlyk alsa, daşary ýurtlarda iň pes aýlykly we agyr işlerde işleýärler.   Bu ýagdaýy Nyýazowam bilýärdi, Berdimuhamedow hem bilýär. Emma olar halk, döwlet serişdelerini halka siňdirmän, daşary ýurtlular bilen “işleşmek”  ýolundan gitdiler. 

Eger Berdimuhamedow  ýurduň tebigy gaz söwdasyndan gelýän girdejileri, olaryň harç edilişi barada halka açyk hasabat berip bilsedi, onda medeni-köpçülik  ýalany, ýaranjaň goşgular we makalalar oňa beýle gerek bolmazdy. Emma ol bu ýalanyň indi öz zyýanyna işleýändigini, halk baýlygyny gümürtik daşary ýurt firmalary bilen gerekmejek we bahasy ençeme esse çişirilen gurluşyklara sarp etmegiň halk içinde ýaşryn, emma güýçlenip barýan nägilelik döredýändigini bilmeli ýaly. Belki-de ol dabara bilen açýan täze binalarynyň  işsiz ýa işlese-de goly ýuka, güzeranyny zordan aýlaýan  adamlara, olaryň ýarym aç, ýyrtyk aýakgaply çagalaryna, mekdebi gutaryp okuwa girip bilmejek ýaşlara  hiç bir bagt ýa şatlyk berip bilmejegini hem çak edýändir. Bolmanda ol muny Milli howpsuzlyk ministrliginiň berýän gündelik maglumatlaryndan bilmeli.

Eger ol öz töwereginde gurnalýan ýalan şowhun-şatlyga hakykatdan hem ynanýan bolsa, bu gaty ýöntemlik. Hakykatda ol Nyýazowdan galan ýalan syýasatyň, döwlet korrupsiýasynyň we terrorynyň  ýesiri ýa zamuny bolup görünýär. Bu ýagdaýdaky syýasatçydan ne onuň özüne we maşgalasyna, ne-de ýurduna peýda bolar. Muňa taryhda näçe diýseň mysal bar.

 

 Lider nämeden belli?

S. Nyýazow prezident saýlananda adamlar ondan köp ýagşy umyt edipdiler. Emma ol umytlar puç boldy. S. Nyýazow hem özüni, hem halkyny, hem ýakyn töwereginde işlän adamlaryň ýüzlerçesini, şol sanda özüne wepaly gulluk eden milli howpsuzlyk işgärlerini-de agyr ýagdaýa saldy.

S. Nyýazowdan soň häkimiýet başyna gelen G. Berdimuhamedow başda onuň ýalňyşlaryny gaýtalamajak ýaly göründi, emma derrew esasy işini daşary ýurt firmalary bilen kontrakt baglaşmak  we metbugat üçin surata düşmek edindi. Bu ýagdaý ýurtda korrupsiýanyň Nyýazow döwründäkiden hem beter gülläp ösmegine ýol açdy.

S. Nyýazow başda obalary gazlaşdyrmaga başlap, gowy iş etdi. Emma soň öz heýkellerini dikdirip, göwher ýüzük dakynyp, kalendary üýtgedip, dünýä gülki boldy. Ýöne ol şol aralykda öz obasy hasaplanýan Gypjagy abadanlaşdyrdy. G. Berdimuhamedow  neşekeşlige garşy göreş yglan edip, gowy iş etdi we öz obasy Babaraby abadanlaşdyrýar. Emma ýurduň beýleki obalary dargan, mekdepler, kitaphanalar, saglyk öýleri, çagalar baglary idege mätäç, suw, elektrik  üpjünçiligi  pes ýagdaýda, adamlar hor, ýyl-ýyldan pes hala düşýär.

G. Berdimuhamedow başda oba adamlarynyň meselesini çözmegi wada berdi, emma bu wada boş çykdy. Bularyň hemmesi S. Nyýazow bilen G. Berdimuhamedowyň ile hyzmat edip biljek syýasatçylar däl-de, ýolbaşçylyk işine tötänden, ýalňyşlyk bilen gelen adamlardygyny görkezýär. Eger türkmen halky öz durmuş-ýaşaýşyny düzetmek isleýän bolsa, bu iki adam baradaky hakykaty, olaryň halka we ýurda ýetirýän zyýanyny açyk aýtmaly we täze lider saýlamaly. Ol lider  öz adresine aýdylýan suwjuk sözlerden, berilýän sowgatlardan we peşgeşlerden humar bolup gülýän  akyl-düşünjesiz, ýurt we halk bähbitlerini goramaga ukyp-başarnygy ýetmeýän adam bolmaly däl. Tersine, giň düşünjeli, namysly, eli arassa, ýüregi açyk, päli düzüw adam bolmaly.

 

Oppozisiýa nirede?

 

Arada  obadaşlarymyň biriniň kyrkyna görünmäge gitdim. Şonda klasdaşlarymyň biri “opposizisiýa-da Abdy Kuly bilen öldi öýdýän” diýdi.  Adamlar Boris Şyhmyradowdan köp zada garaşypdylar. Emma ol öz güýjüne aşa kän baha berdi, öz garşydaşyna kembaha garady we öz eli bilen guruşan režiminiň duzagyna düşdi. Dogry, özi duzaga düşse-de, onuň aň perzendi  “Gundogar.org” işleýär. Emma beýleki oppozisiýa agzalary şeýle işi hem ýola goýup bilmediler.

 

Çykalga barmy?

Häzirki türkmen durmuşyny bir teatr sahnasy  hökmünde göz öňüne getireliň. Biziň hemmämiz “Türkmenistan” atly oýnuň aktýory, oýunçylary ýa-da tomaşaçysy. Elbetde, her kimiň özüne görä roly ýa-da orny bar. Birleri esasy rollarda oýnasa, köp adam köpçülik sahnasyna gatnaşýar. Mysal üçin, medeni-köpçülik çärelerine gatnaşýanlara azajyk hak tölenýär ýa-da tölenmeýär. Dogry, oýun gowy bolsa, tomaşaçylar ondan uly lezzet alyp biler we öz bilete tölän puluna gynanmaz. Emma oýun erbet bolsa, ýä tragiki soňlansa, hemme adam ondan begençli gaýtmaz. Häzir biziň “Türkmenistan” oýnumyz tragiki komediýa meňzeýär we ol geljekde hem köp adamy betbagtçylyga uçradyp biler. Bu betbagtçylygyň öňüni diňe ýaş  hem bilimli nesil alyp biler. 1991-nji ýyldan bäri geçen wagt biziň ýaş neslimize hem, olaryň bilim-düşünjesine-de, sagdyn syýasy dünýägaraýşyň kemala gelmegine hem agyr zarba urdy. Emma emele gelen agyr ýagdaýa düşünýän, häzirki ösen tehnologiýanyň arkasyndan bir akyly müň akyla öwürmegiň mümkindigini bilýän ýaşlar az-da bolsa bar. Olar  ýaş nesliň, yzlaryndan gelýänleriň gözüni açmaly we ynanyşýan adamlary bilen inisiatiwa toparlaryny döredip, halk  hökümetiniň sütünlerini düzmek işine başlamaly. Eger şu wagtdan şeýle işe başlansa, häzirki türkmen režimi ýykylanda halka kömege ýetişjek adamlar jogapkärçiligi eginlerine almaga taýýar bolarlar.  Çykalga ýaşlara, olaryň arasyndan çykjak il ogullaryna bagly. Öz halkynyň agyr ýagdaýyna daşdan tomaşaçy bolýan oguldan ogul bolmaz.

 
   
Comments
Write comment
   
No comments.
   
 
 
19.12.2010, 09:07
Köpartiýalylyk aladasy

27.02.2010, 09:34
Duşuşykdan soňky duşuşyk

 
Archive
 
Mail list
Galleries
 
 
Partners
 
Форум
 
Центр экстремальной журналистики
 
FreedomForSale
 
Follow us on Twitter
 
 
Рейтинг@Mail.ru
Rambler's Top100Rambler's Top100
 
 
© Türkmenistanyñ Hronikasy 2009 - 2017