Saýt boýunça gözleg
      Daily news
Biz hakda Täzelikler Makalalar Hukuk we azatlyklar Hasabatlar we dokumentler Dissident Forum  
Main Page Sitemap Write e-mail Русская версия English version Türkmen version
 
Makalalar | Maral Sazakowa Print version
 
Nyýazowyň “işi” ýaşaýar we ýeňýär
19.12.2010

G. Berdimuhammedow dört ýyl çemesi mundan öň, gümürtik ýagdaýda tarpa-taýyn ýogalan S. Nyýazowyň ýerine “alternatiw esasda prezident saýlananda”, onuň içeri we daşary syýasatyny gyşarnyksyz dowam etdirmegi wada beripdi. Şondan bäri geçen wagt Berdimuhammedowyň “öz sözüniň eýesidigini” görkezdi. Ýogsa, hyýalbentler onuň türkmen Nikita Hruşewi bolmagyny hem S. Nyýazowy paş etmegini arzuwlapdy.

Dogry, onuň türkmen Nikitasy boljagyna gaty ynanasy gelýänler ýa-da şol “ynançda” gara bahbidi bar adamlar hem guramalar muny inkär ederler. Olarda, şeýle seretseň, aýdara delil hem bar. Mysal üçin, Nyazowyň gysgaldan okuw möhletleri uzaldyldy, kesen pensiýalary dikeldildi, iternet mümkinçiligi döredildi we “Üç aýak” başga ýere göçürilýär, ozal ýolunda ýaşyl çyra ýakylan neşe söwdasyna garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar we şu göreş netijesinde M. Sopyýew sahnadan düşürildi we ş.m-ler. Emma ýurtdaky anti halk syýasatyň esasy sütünleriniň sarsman durandygyny görýän gözi  hem akyly açyk adamlar bularyň gözboýagçylykdygyny bilýär. Olar henizem ýaşlaryň okuw-bilimine, hususan-da daşary ýurtda okamaklaryna ullakan gara böwet basylgydygyny görýärler. Iň ýamany, post-nyýaz hökümet bagty çüwüp, daşary ýurtda okanlara hem ynamsyz garaýar. Bu Nyýazowyň bilimli, gözi hem beýnisi açyk türkmene ynanmazlyk, iş bilýän türkmene ýol bermezlik, olary öz ýurdunyň işinden, meselesinden, ykbalyndan daşda saklamak syýasatynyň dowamy däl-de, näme bolup biler?

Wikileaksiň çap eden diplomat telegrammalary Aşgabatdaky amerikan ilçileriniň ýurtda bolýan zatlardan doly bolmasa-da habarlydygyny görkezdi. Şol hatlarda Berdimuhammedowa 60 million eurolyk gämi sowgat bermekde güman edilýän “Itera” kampaniýasy, Nyüazowa ýakyn duran bir çeşmäniň aýtmagyna görä, başda Myrat Nyýazow üçin döredilipdir. Ýöne kazinoda 11 million dollar utdurmagy Myradyň bu kampaniýadan çetleşdirilmegine sebäp-bahana bolýar.

 

S. Nyýazow türkmenleri, şol sanda öz ogluny hem özünden daşlaşdyryp, Waleriý Otçersow, Wiktor Hramow ýaly adamlaryň toruna düşdi. Bu tor türk iş adamlary diýilýänleriň, fransuz biznesmenleriniň tagallasy bilen has-da berkidildi. Berdimuhammedowyň hem esasy aladasy  şol tory ýyrtman-ýirmän saklamak bolup görünýär. Onsoň ozal ol torda Nyýazow hem Türkmenistan “balyk” bolan bolsa, indi Berdimuhammedow  hem Türkmenistan “balyk”.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran  60 ýaşly aşgabatly taryhçy “türk doganlarymyz Osman imperiýasy döwründe Wenada edip bilmedik talaňçylyklaryny Aşgabatda etdiler” diýip, ajy ýylgyrýar hem bu işde olara orsýetli we ýewropaly doganlarymyzyň ullakan kömek berendigini belleýär.  BMG, ÝHHG ýaly halkara gurmalarynyň Berdimuhammedow režimini goldaýşyny görseň, aşgabatly taryhçy bilen yalalaşmazlyk kyn. Emma S. Nyazowyň anti halk syýasatynyň dowam edýänigi üçin “reformaçy” Berdimuhammedowy ýa demokratiýa we adam hukuklary barada erteki otarýan halkara guramalaryny  günäkärlemek manysyz.  Sebäbi olar häzirki ýagdaýda  öz edip biljek işlerini edýärler, ýagny “galp durnuklylygyň ömrüni uzaltmak hatyrasyna” Nyýazowyň “işini” ýaşadýarlar.

Aşgabatly taryhçynyň pikiriçe, bu ýerde açar S. Nyýazowyň emeline, onuň “işiniň” binýadyna ýa-da esaslaryna düşünmekde. “Türkmen metbugatynda her neneňsi tekrarlasalar-da, Nyýazow beýle öňden görüji däldi, ýöne ol sowet-partiýa işinde türkmeniň gowşak ýerlerini öwrenipdi. Ol gowşaklyk türkmen halkynyň tire dagynyklygyndan hem garyplygyndan, şu iki kemçilikden gelip çykýan göriplik häsiýetinden  hem kelte pikirlenişinden gaýdýar” diýip, aşgabatly taryhçy aýdýar. Onuň pikiriçe, Nyýazow türkmeniň dürli tirelerinden çykan sowatly adamlary, potensial liderleri ýeke-ýekeden syýasy maslyga öwürdi. Ol bu işde ozaly şol potensial liderleriň kelte pikirlenişini, bir-birine göripligini ulandy.

Nyýazowyň türkmen intelligensiýasyny ilki “türkmen baýlaryny döretjek” diýip aldandygy baradaky pikir bilen  adyny aýtmazlygy soran 65 ýaşly şahyr hem ylalaşýar. Onuň pikiriçe, şol aldawyň başky pursatlarynda Nyýazowyň ýanynda bagana possun, silkme telpek geýip surata düşen minstrleriň hemmesi diýen ýaly muňa güp ynanypdy. “Soň Nyýazow olaryň has baýanlaryny masgaralap kowmaga başlady. Ilkiler  Nyýazow  elitanyň “kök uran” wekillerini işden aýyrjak bolanda seresaply hereket ederdi, olary ilki ilçi-beýleki edip, halkdan üzňeleşdirerdi. Sebäbi ol elita ýa olardan  peýda görýän adamlar öz garşysyna birleşer öýdüp çekinerdi. Emma soň ol  göripligiň, tire dagynyklygynyň bu hili birleşige ýol bermejegine göz ýetirdi” diýip, aşgabatly şahyr aýdýar.

Ozalky resmileriň biri bu pikiri tassyklap, öz tanaýan çinownikleriniň köplenç biri işden kowulsa begenenddigini we indi işden kowular öýden adamlaryndan çeke durandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, şeýdip olar Nyýazowa wepaly görnerin we aman galaryn diýip pikir edipdirler. “Nyýazow bizi az aýlykly saklap, ogurlyga itekleýärdi we özüne gerek bolanda batgada basýardy” diýip, adyny aýtmazlygy soran öňki resmi aýtdy.

Aşgabatly taryhçynyň pikiriçe, az aýlyk, ýet-de-güzeran sowet döwründe döredilen garyp we garaşly durmuşyň esasy diregi bolup durýar. “Garaşsyzlyk ýyllarynda halk köpçüligi sowet döwründäki sosial goragyny hem ýitirdi. Iň ýamany bolsa, häkimiýet eýeleri sowet döwründe bilmeýän zatlaryny edip, aç-açan talaňçylyga başladylar. Onsoň halk ministrler ogurlykda aýyplansa begenýärdi” diýip, 60 ýaşly taryhçy aýdýar.

Berdimuhammedow Nyazowyň halky garyp, işsiz, okuwsyz saklamak syýasatyny dowam etdirýär. Şeýle-de ol ministrleri çalt-çaltdan, ýagny gaty baýamanka işden aýyrýar. Bu Nyýazowyň iň ökde zadydy. Emma Berdimuhammedowda bir tapawut bar: ol öz tiredeşlerini has öňe tutýar. Mundan hem beteri, ol Nyýazowa garanda has nebsine ejiz görünýär. Ilki başda onuň Nyýazow ýaly ýetim däldigini, maşgala terbiýesini alandygyny artykmaçlyk hökmünde gözkezenler hem boldy. Emma ol nähili maşgalada terbiýe alypdyr, ine, şu unudyldy. Wikileaks Gurbangulynyň kakasynyň türme işgäri bolup, polkownik çininde pensiýa çykandygyny ýazýar. Sowet döwründe parasyz hem tanyşsyz saglyk institutyna okuwa girmegiň tas mümkin bolmandygyny ýatlasak, Gurbanguly tussaglaryň yzyndan gelen zatlardan ogurlanyp toplanan pul esasynda medinstitutyň diş doktorlyk fakultetine okuwa giren bolup çykýar. Üstesine, ol Nyýazowyň goltugynyň astynda türkmen “baýlarynyň” biri bolan adam. Bu ýagdaý onuň Nyýazowyň ýoluny dowam etdirmekden başga alajynyň ýokdugyny görkezýär. Ýöne onuň bu ýoly näçe uzak we üstünlikli dowam etdirip biljegi başga mesele.

 

Wikileaksiň çap eden diplomat telegrammalarynda  Berdimuhammedowyň o diýen akylly däldigi we özünden akylly kişileri halamaýandygy, onuň bir gyzynyň Londonda, beýlekisiniň Parižde ýaşaýandygy aýdylýar. Mundanam başga, Berdimuhammedowyň ýegeni Şammy we beýleki garyndaşlary barada il içinde edilýän gürrüňler metbugatyň ýöredýän “arkadag prezident” propagandasynyň agramyny gara şaýa öwürýär. Ýöne onuň syýasy partiýalary, hususy metbugaty döretmäge wagt ýetendigi barada kiçi dilden bärde aýdan sözleri türkmen tragediýasyna jan ýakýanlaryň käbirinde kiçijigem bolsa  umyt döretdi. Emma sähelçe pikirlenmek ukyby bar adam Berdimuhammedowyň öz erkine beýle zada ýol berip bilmejegine düşüner. Eger ýurtda erkinlige, azatlyga tarap sähelçe yş açylsa, onda türkmen wikileaksleri dörär we 1991-njy ýyldan bäri edilen jenaýatçylykly işleriň üsti açylar. Şol üsti açyljak jeneýat işleriniň iň ulularynyň biriniň kime degişli boljagy bolsa, akyllyrak mekdep okuwçysyna-da düşnükli.

Türkmende “Ölme eşegim, ýaz geler” diýen söz bar. Şol ýazy türkmenleriň köpüsi  Nyýazowyň ölüminde görýärdi. Emma bu umyt ýalançy umyt bolup çykdy.  Indi bu ýazy käbirleri Berdimuhammedowyň Nyýazow ýaly mekir-hilegär däldiginde we nebsine has ejizliginde, diýmek il gözünden has tiz düşjeginde, bu işde oňa tiredeş garydndaşlarynyň hem ýakyndan kömek etjeginde görýärler. Belki, bu umyt boş çykmaz. Ýöne Berdimuhammedowyň gözden düşmegi we ahyrynda sahnadan düşmegi türkmen ýazyny kepillendirip bilermi?

Sowet döwründe türkmen tireleri belli bir derejede bir-birine ýakynlaşypdy. Emma garaşsyzlyk ýyllarynda resmi Aşgabadyň alyp baran merkezçilik syýasaty bu ýakynlaşma ölüm zarbasyny urdy. Göni aýdylanda, Daşoguz, Balkan welaýatlaryndaky agyr ýagdaý, ýönekeý halkyň Maryda, Lebapda, hatda Ahalda hem pes, gözgyny ýaşamagy türkmen tirelerini bir-birine golaýlatmaga kömek edýän zat däl. Regionlara merkezden iberilýän jogapkär işgärleriň açgözlügi, olaryň bikanun hereketlerine merkeziň göz ýummagy hem tire-taýpa ynamsyzlygyny azaltmaga kömek etmeýär.

Uzyn gepiň gysgasy, Nyýazowyň “işi” ýaşaýar we ýeňýär. Sebäbi halk, edil öňküsi ýaly bolmasa-da, gaty garyp ýaşaýar. Parahorluk öňküden has ösdi we aç-açanlaşdy.  Ýaşlara berilýän bilim hil taýdan gowulaşmady. Mekdebi gutarýan ýaşlara okuwyny dowam etdirmek, hünär öwrenmek üçin döredilýän mümkinçilik ýeterlik köpeldilmedi. Netijede,  her ýyl on müňlerçe ýaş oglan-gyz işsizleriň armiýasyna göşulýar. Halk baýlygy bolmaly nebit-gazy satýan döwlet ýa-da onuň ýekemen prezidenti bolsa, gerekmejek gurluşyklara milliardlap dollar sowurmakda Nyýazowdan hem ozdurdy. Bu türkmen tragediýasynyň esaynda ýatan sowatsyzlygyň we açgözligiň dowam etdirilýändigini görkezýär. Sowatsyzlyk, parahorlyk  köpeldigiçe-de tireparazlyk, özara ýigrenç hem basdaşlyk, şol sanda  durnuksyzlyga esas  köpelýär.

60 ýaşly taryhçy bu aýlawdan çykmak üçin ilki onuň sebäplerine düşünmeli diýýär. Onuň pikiriçe, ol sebäpler ne Nyýazowda, ne Berdimuhammedowda, ne-de halkara guramlarynda. “Eger boýun alyp bilsek, ol sebäpler biziň özümizde, her birimizde” diýip, taryhçy biz bilen eden ikiçäk gürrüňinde aýtdy.

56 ýaşly aşgabatly şahyr döwlet eýeçiligindäki metbugatda ýöredileýän “arkadag prezident” syýasatynyň hiç kime, şol sanda Berdimuhammedowyň özüne-de peýda getirmejegini aýdýar. “Bize bir adamdan hudaý ýasamak hem başgalary gul edip saklamak şeýle gerekmi? Bize öz halkymyzyň işsizligi, okuwsyzlygy şeýle gerkmi? Biz näme üçin halkyň rysgyny ogurlaýanlara göz ýumýarys? Bize uly wezipeliniň kiçi işdäkileri  ezmegi, kemsitmegi, goragsyz naçarlary daşary ýurtlarda hammallyga, jelepçilige mejbur etmek şeýle gerekmi? Eger gerek däl bolsa, biz näme üçin bulary edäris? Eger şulary etmesedik, onda Nyýazowyň “işi”  ne ýaşardy, ne-de ýeňerdi” diýip, adyny aýtmazlygy soran 65 ýaşly şahyr aýtdy.

 
   
Comments
Write comment
   
No comments.
   
 
 
19.12.2010, 09:07
Köpartiýalylyk aladasy

27.02.2010, 09:34
Duşuşykdan soňky duşuşyk

 
Archive
 
Mail list
Galleries
 
 
Partners
 
Форум
 
Центр экстремальной журналистики
 
FreedomForSale
 
Follow us on Twitter
 
 
Рейтинг@Mail.ru
Rambler's Top100Rambler's Top100
 
 
© Türkmenistanyñ Hronikasy 2009 - 2017