Saýt boýunça gözleg
      Daily news
Biz hakda Täzelikler Makalalar Hukuk we azatlyklar Hasabatlar we dokumentler Dissident Forum  
Main Page Sitemap Write e-mail Русская версия English version Türkmen version
 
Dissident | Satira Print version
 
Duşuşykdan soňky duşuşyk
27.02.2010
Sapar Çaryýew

Waka Türkaniýanyň paýtagtynda, atly ýazyjynyň öýünde bolýar.

Şahyr A ýazyjy B-niň öýüne gelýär:

- Halypa, duşuşykdan habaryň barmy?

- Bolmazmy, Beýik Lider döredijilik intelligentsiýasynyň wekilleri bilen duşuşar-da, ondan habarsyz galyp bolarmy? – Ýazyjy B soraga sorag bilen jogap berýär.

 

- Bä, onda sen döwür bilen aýakdaş gadam urýaň-ow? – Şahyr A ýaňsyly ýylgyrýar.

- Dagy näme? Beýik Galkynyş zamanasyna mynasyp bolmak üçin Türkaniýada bolýan beýik özgermeleri sypdyrman yzarlaýan. – Ýazyjy B çyny bilen, ýylgyrman-yşman gürleýär.

- Onda näme seni duşuşyga çagyrmadylar? – Şahyr B içýakgyç ýylgyryp soraýar.

 

- Çyn zehiniň duşmany köp bolýar, bu göripleriň işi. Olar meniň adymy “garadonly” ýazyjylaryň arasyna goşup, Beýik Lideri aldaýarlar. Ýöne men munuň üçin oňa gahar etmeýärin.

- Bä, sen giň, geçirimli adam-ow, halypa! – Şahyr A ýene içýakgyç ýylgyryp gürleýär.

- Hawa, men giň adam. Ýogsa sen meniň gapymdan gelip bilmezdiň. Men seniň her hili toparlara goşulyp, maňa garşy dildüwşüklere aktiw gatnaşanyňy bilýän. Emma azaşanyňy bilip, yzyňa geleňde ýüzüňe urmaýaryn...

- Halypa, köne saman sowurmaly-la, geçeni geçdi bileli diýişdig-a! – Şahyr A boýnuny sallap gürleýär.

 

Ýazyjy B muňa öz ýanyndan hoş bolup ýylgyrýar:

- Onda diliňi-başyňy çeýneme. Men öýümde Beýik Lider hakda gyşyk gürrüň etdirmen. – - Bä, indi ony diňe ýygnakda, metbugatda däl, öýde-de öwmelimi? – Şahyr B geň galyp sorýar.

- Sen, oglan, tutulýan tutumy göreňokmy? – Ýazyjy B gyzyp soraýar. – Göreňokmy, ol obalardaky kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň işini dikeltmeli, ýurduň oba-şäherlerinde saz mekdeplerini açmaly diýýär-a!

- Aý, halypa, men-ä senden bu gürrüňe garaşmandym. – Şahyr A göwni galan adamyň äheňinde gürleýär. – Kitaphana açylanda näme kitap bolmasa? Galyba salnan adamlar işlese, medeniýet öýünden, saz mekdebinden  näme netije bolar?

- Beý diýme, ýokdan gowudyr. Öňki Beýik Lider o zatlary ýok etdi. Bu dikeldýär. Dikeltmek hemişe ýykmakdan kyn we köp wagt alýar. Sabyr et, ýigrimi ýyllap ýykylan ýurdy üç ýylda dikeldip bolmaz bolmanda-da. Bu dogry barýar, ilki operany, sirki dikeltdi, indi gezek kitaphanalara geldi...

 

- Bäh, halypa, seni-ha Türkaniýanyň baş telekanalyna kommentator edip alaýmaly bolupdyr. – Şahyr A geň galyp gürleýär. – Düýn gürleşemde-de seň içiň otdy bu hökümetden. Milletiň bagtyny ýatyrýar, ýaşlary ters ýola gönükdirýär, adamlary boş, paňkelle edip saklaýar diýýärdiň. Bary-ýogy bir gün içinde näme boldy beýle saňa?

- Göreňokmy, duşuşyk boldy. Beýik Lider döredijilik intelligentsiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. – Ýazyjy B gaharly gepleýär. – Ol kitaphanalarda, medeniýet öýlerinde kompýuter, internet bolmaly diýdi. Men obada gowaçanyň içinde uladym, kolhoz işinden gelemde arkamda bir halta ot bolardy. Ol oty sygra berip, soň sygyr ýatagy arasslardym. – Ýazyjy B hamsygyp gürleýär. – Indi oba çagalary hem kompýuter, internet görjek, Beýik Lider sag bolsun!

 

Şahyr A näme diýjegini bilmän dymýar. Şol wagtam gapydan ýazyjy S gelýär.

- Salawmaleýkim, kärdeşler!

- Waleýkimessalam, gel-de geçeweri! – Iki ýazyjy iki ýerden dillenýär.

- Nätdiňiz, duşuşygy gördüňizmi? – Ýazyjy S töre geçip, oturyp-oturman soraýar.

- Gördük, şoň gürrüňini edip otyrys... – Şahyr A keýpsiz gürleýär. – Senzura ýatyrylar, gara sanaw aýrylar, azatlyk şemaly öwser diýip umyt edipdik, o zatlar-a boljak däl...

- Aý, o bolasy ýok-la, millet indi çaý-çörege daňyldy, azatlyk ber diýjek galmady... –Ýazyjy S gaýgyly ýylgyrýar. – Ýöne men-ä şonda-da umytly.

- Hana, gördüňmi? – Ýazyjy B hekgerýär. – Diýmedimmi men? Ozalkyda hiç hili sistema ýokdy, indi bir sistema döreýär. Kitaphana, medeniýet öýi işlese, saz mekdepleri dörese, biraz şert döreýär.

- Menem şony diýýän, öňki diňe bir kitaba daňdy. Indi kitaphana açylsa, diňe bir kitap bolmaz, köp kitap bolar. Internet gulçulyk galasyny böwser. – Ýazyjy S ogul jigisi bolan ýaly ýyrşaryp gürleýär.

- A-how, bu zatlara menem düşünýän, ýöne bu gaty haýal proses. – Şahyr A gyzyýar. -Biz millet hökmünde yza galýas. Goňşular, garyp ýurtlar hem bizden pikirlenişde, dünýägaraýyşda öňe gitdi. Bärde jylaw üstüne jylaw, nogta üstüne nogta salýarlar adama... Beýdip döredijilik edilmez!

- Dur, gyzma! – Ýazyjy B ony köşeşdirmäge çalyşýar. – Bizem bilýäs o zatlary. Ýöne türkan halky şeýle ýaşamak, şeýle dolandyrylmak isleýän bolsa, ýazyjy näme etsin?

- Ýazyjy halka beýle kaýyl bolmaly däldigini, kaýyl bolsa, hemişe itiň art aýagyndan suw içjegini düşündirmeli. – Şahyr A gaharly, ýumrugyny düwüp gürleýär.

- Aý, nätdiňiz-aý muny, rewolýusiýa kružogyna geldimmi men? – Ýazyjy S gorkuly hüňürdeýär. – Men-a gitjek, aýalymy oba iberdim, kitaphana, medeniýet öýi açylsa, arçyn bizi gözden salmawersin diýdim. Iş ýeri açylsa, ilişjek bolmaly. Bularyň indi idili zady çap etmejegi belli...

- Ine, munyň akyl gürrüň! – Ýazyjy B begençli seslenýär. – Menem şeýdeýin, oba gidip, arçyny göreýin. Bir çörek puly gazanar ýaly ýer edinsek, döredijilik barada soň oýlanybereris...

Şahyr A egnini gysýar:

- Maňa şol işem bermezlermikä diýýän, sebäbi “beýik lider” diýen jümläni hiç ýaňsysyz aýdyp bilemok...

- Oň ýaly bolsa, zyýanyň ýetmesin, bizden bir daşrak dur. – Ýazyjy B oňa gapyny görkezýär.

 
   
Comments
Write comment
   
No comments.
   
 
 
19.12.2010, 09:07
Köpartiýalylyk aladasy

27.02.2010, 09:34
Duşuşykdan soňky duşuşyk

 
Archive
 
Mail list
Galleries
 
 
Partners
 
Форум
 
Центр экстремальной журналистики
 
FreedomForSale
 
Follow us on Twitter
 
 
Рейтинг@Mail.ru
Rambler's Top100Rambler's Top100
 
 
© Türkmenistanyñ Hronikasy 2009 - 2017