Saýt boýunça gözleg
      Daily news
Biz hakda Täzelikler Makalalar Hukuk we azatlyklar Hasabatlar we dokumentler Dissident Forum  
Main Page Sitemap Write e-mail Русская версия English version Türkmen version
 
Dissident | Satira Print version
 
Köpartiýalylyk aladasy
(Türkaniýa gündeliginden. 19-njy fewral, 2010)
19.12.2010
Sapar Çaryýew

Waka Türkaniýanyň prezident köşgünde bolýar. Hramguly gapyny ýarym açyp, boýnuny uzadyp soraýar: - Beýik lider, kakaňyz Mälik beý geldi. Wagty ýok diýsemem diňlänok...

Berdimädow:

- Goýber, gelsin.

Gapydan Mälik aga girýär:

- Gurrow, gurgunmyň, oglum?

- Gurgun, kaka. Näme gyssag iş çykdy, meň özüm habar tutaryn diýdim-ä?

Mälik beý gaharly gepleýär:

- Sen habar tutaňda giç bolaýmasyn diýip geldim... Bir Daşky oguzdan çykýaň, bir Arap emirliginden. Ondan gelibem Altyn sähra gidýäň, hä diýmän ýene bir ýurda aýlanyp gaýtjakmyşyň. Aý, garaz, bize eliň ýetenok. Ýa indi kakaň gerek dälmi?

- Ýak, kaka, derrew gyzyberýäň-aý! Heý, sen gerek bolmazmyň? Başymyň üstünde ornuň bar...

- Onda näme menden bimaslahat möhüm karar kabul edýäň?

- O nämäň möhüm karary, kaka? Men senden bidin bir kagyza gol çekmesem näme?

- Onda bu köppartiýalylyk gürrüňi näme? Öten agşam men dollar sanap, biraz işli boldum. Oppozisiýa partiýalaryny döretmäge rugsat berjek diýdi diýdiler. Dünýäň bar gazeti şo hakda ýazýamyş...

- Ýak, kaka, bu seň alada edip ýören zadyňy! – Berdimädow hikirdäp gülýär.

- Gurrow, sen gülme! “Soň gülen uzak güler” diýipdirler. Köppartiýalylyk oýun eder ýaly zat däldir. Öňki prezident akylly adamdy, şoň ýoly  bilen git, bir ýere-de gyşarma. Dyzap duran halk ýog-a, köppartiýalylyk nämä gerek?

- Kaka, dyzap duran halk ýok, men muny bilýän, ýöne halkara jemgyýetçiligi diýip bir zat bar... Olar bir partiýaly döwlet diýip, bizi äsgermejek bolýarlar.  Nämemiş, olarda köppartiýalylyk barmyş, bizde ýokmuş. Hamala biz ol partiýalyň hemmesiniň bir ýüpe kökerilgidigini bilmeýän ýaly, he-he... Onsoň...

Mälik aga has gaharly gepleýär:

- Wah, oglum, Gurrow jan, men saňa şol halkara jemgyýetçiliginiň aýdýan-diýýän zadyna gulak asma diýmedimmi? Olaryň bir diýenni etseň, iki diýer, üç diýer, yzy gutarmaz. Emma bir diýennem etmeseň, şol bir zady aýdyp durmakdan ýadap, goýar...

- Kaka, meselä biraz giň seredeli-le!..

- Ýok, giň-piňi goý, maňa gulak as! Eger köppartiýalylyk bolsa, näme boljagyny bilýäňmi? Olar seň ýeriňe göz gyzdyrar!.. Gazyň puluny sorar...

- Kaka, sen hemme aýdylan zady çyn diýip kabul etme ahyryn! Köppartiýalylyga rugsat beriljek diýildigi entek köppartiýalylyk däl ahyryn...

- Bu gün rugsat berseň, ertir dörär ol, oglum! Indi adamlar öňki prezidentiň döwründäki zatlardan sapak alarlar. Olaryň göriplikden gözi ýanýar, göreňokmy şony?

- Kaka, biz häzir diňe Daýahanlar partiýasyny döretmäge rugsat berjek, ol diňe oba hojalyk meseleleri bilen meşgul bolar, syýasata goýbermeris...

- O nähili goýbermersiň, olar syýasata senden sorap gelmez, zor bilen geler. Sebäbi türkan halkynyň ýetmiş prosenti obada ýaşaýar, bu uly güýç ahyryn!

- Biz olaray berk kontrolda saklarys, başlyklaryny özümiz belläris we çalt-çaltdan çalşyryp durarys. Näme, başlyk bolan ogurlyk etmez öýdýäňmi? Ilki ogurlyk etdireris, soň aýrarys. Öňki pahyr bu zatlary gowy öwretdi ahyryn...

- Emma ol köppartiýalylyga rugsat bermedi.

- Olam Daýhanlar partiýasyny döretmäge rugsat bermekçidi, ýöne ýetişmedi, ýokarky ýanyna alaýdy-da...

- Gurrow, sen oglum, duşamyň kändigini unutma! Her işden aýrylan emeldar seniň duşmayňdyr.

- Öňkiňem duşmany kändi, hany, näme edip bildiler?

- Beý diýme, oglum! Men oň tarpa-taýyn ölmegini haýsy tarapa çekjegimi henizem bilip bilemok...

Berdmädow gülýär:

-Ýak, kaka, oňarýaň-ow! Näme, oňa men bir zat edendir öýdýäňmi?

- Ýok-la, tobaestagpyralla... Ol seniň ussadyň, halypaňdy ahyryn!

-  Onda bu gürrüňi goýaly, kaka! Men etjek işimi bilýän. Sen darykma, hemme zat kontrol astynda.

- Onda şol täze açyljak partiýa meni başlyk belle, oglum! Men bir adamy hem gymyldatman saklaryn...

Berdimädow ýene gülýär:

- Ýak,oňardyň-ow, kaka! Näme, meni halkara jemgyýetçiligine gülki etjek bolýäňmy? Ol öňkiň ejesiniň adyny aýa dakyşyna henizem gülýämişler, maňa-da gülerler-dä!

- Gülsünler, sen ondan çekinme! Men saňa öňkiň garadan gaýtmaz batyrlygyndan, bir iş edende soňuny saýmazlygyndan görelde al diýmedimmi? – Mälik aga gyzyp gepleýär.

- Kaka, maňa eýýäm öňkiden ozdurdy, oň on bäş ýylda gazanan baýlygyny üç ýylda gazandy diýýämişler.

- Ine, muny oňarypsyň, oglum! Senden tamam hem şudur.

- Kaka, men bu hili gürrüňlerden gorkýan. Partiýa dörediň diýenim hem şondan. Il gözüne demokrat görünmesem, biraz umyt bermesem, halk aýaga galyp, köşgüme çozaýmasyn...

- Oglum, oglum, jan oglum, öňkiden görelde al diýýänim şoň üçin-dä! Ol gorkmazdy...

- Ýok, kaka, olam gorkardy. Men bilýän, ýanynda işledim...

- Gorksa-da bildirmezdi. Item aryklygyn gurda bildirmez diýipdirler. Senem bildirme! Özüňi köpräk öwdür. Goý, ýerde-gökde goýmasynlar. Kitaplaryňy daşary ýurt dillerinde köpräk çykart, aýa, kosmosa-da iber. Seň näme, öňkiden kem ýeriň barmy. Kakaňam öwdür. Sen ataňdan başlap dogry etdiň, elbetde. Ýöne men soňra harby akademiýaň öňünde kakaň heýkelini dikdirşiňi haladym... Gorkma, gahrymanlyk berseler, onam al, öz heýkeliňem dikdir!

- Kaka, kem-kemden hemmesini ederis, biraz gyssanma!

- Gyssanman, oglum, ömür geçip barýar, men ölmäkäm seň has uly derejelere ýeteniňi görjek bolýan... – Mälik aga hamsykýar.

- Kaka, köşeş! Heý, Hramguly, suw getir kakama!..

Hramguly ylgap, suwly bulgury mejimede goýup suw getirýär. Mälik aga suw içýär. Hramguly bulgury yzyna alyp gidýär.

- Kaka, gowumyň, näme birden hamsygyberdiň?

- Aý, ýaş bir çene baranyndanmy, nämemi...

- Beý diýme, kaka, entek senem bir partiýa döredip ýetişersiň.

Mälik aganyň ýüzi ýagtylýar:

- Hä, şeýlemi? Çynyňmy?

- Hawa, kaka, men bu barada Dubaýda dünýäň iň beýik diňiniň üstüne çykamda pikir etdim. Sen täze dörediljek Senagatçylar partiýasynyň başlygy bolmaly. Ýöne muny hiç kim bilmeli däl, sen hemme zada arkadan, garaňkyda durup kontrolluk etmeli!

Mälik aga ogluny garsa gujaklaýar:

- Sag bol, oglum! Ine, munyň başga gep! Indi sen hakykatdanam meň ogluma meňzediň. Heý, ilki öz ataňa partiýa döredip bermän, haýsydyr bir ýeňiýoluga partiýa döretmäge rugsat berlermi...

Ataly-ogul gujaklaşyp hoşlaýşdy.

 
   
Comments
Write comment
   
No comments.
   
 
 
19.12.2010, 09:07
Köpartiýalylyk aladasy

27.02.2010, 09:34
Duşuşykdan soňky duşuşyk

 
Archive
 
Mail list
Galleries
 
 
Partners
 
Форум
 
Центр экстремальной журналистики
 
FreedomForSale
 
Follow us on Twitter
 
 
Рейтинг@Mail.ru
Rambler's Top100Rambler's Top100
 
 
© Türkmenistanyñ Hronikasy 2009 - 2017