Saýt boýunça gözleg
      Daily news
Biz hakda Täzelikler Makalalar Hukuk we azatlyklar Hasabatlar we dokumentler Dissident Forum  
Main Page Sitemap Write e-mail  English version Türkmen version
 
Makalalar | Maral Sazakowa Pages: 1 
 

Türkmenistanda rewolýusiýa bolarmy?
Dowamy
25.01.2011
Gyrgyzystanda hem, Tunisde hem korrupsiýa çümen prezidentler halk gazaby, oppozisiýanyň guramaçylykly işi netijesinde häkimiýetden çetleşdirildi. Emma Türkmenistanda ne gahar-gazaba çykýan halk, ne-de guramaçylykly oppozisiýa bar. Şeýle ýagdaýda rewolýusiýa barada gürrüň etmek ir dälmi?
 

Türkmenistanda rewolýusiýa bolarmy?
18.01.2011
Musulman dünýäsinde halklar oýanýar, prezidentler bolsa ýatyp bilmeýär. Gazagystanyň parlamentiniň 14-nji ýanwarda prezidentiň ygtyýarlygyny uzaltmak üçin Konstitusiýa girizilen düzedişi tassyklamagy hem şu ýagdaý bilen bagly. Ýogsa, prezident Nursoltan Nazarbaýew biraz öň özüniň prezidentlik möhletiniň referendum arkaly uzaldylmagyna garşy çykypdy. Indi, Konstitusiýa gririzilen düzediş esasynda, Nazarbaýewiň prezidentlik möhleti 2020-nji ýyla çenli uzaldylyp biler.
 

Nyýazowyň işi ýaşaýar we ýeňýär
19.12.2010
G. Berdimuhammedow dört ýyl çemesi mundan öň, gümürtik ýagdaýda tarpa-taýyn ýogalan S. Nyýazowyň ýerine alternatiw esasda prezident saýlananda, onuň içeri we daşary syýasatyny gyşarnyksyz dowam etdirmegi wada beripdi. Şondan bäri geçen wagt Berdimuhammedowyň öz sözüniň eýesidigini görkezdi. Ýogsa, hyýalbentler onuň türkmen Nikita Hruşewi bolmagyny hem S. Nyýazowy paş etmegini arzuwlapdy.
 

Ýokarda näme edilýär, aşakda näme diýilýär
18.03.2010
Metbugatda diňe hökümetiň isleýän ýa rugsat edýan zadyny aýdan we ýazýan adamlar çykyş etse, ýalan we ýaranjaňlyk ösýär. Muny S. Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllary görkezme kemini goýmady. 40 ýyldan gowrak mugallymçylyk eden aşgabatly pensioner Orazmuhammet Hajy bu ýagdaýyň Türkmenistandaky problemalary has-da çuňlaşdyrjagyny aýdýar (Belli sebäplere görä, ýaşulynyň adyny üýtgedip alýaryn).
 

Prezident aýallary bu ýylam kemsidermi?
05.03.2010
Bu soragy maňa Aşgabatdan daş obada Ogulsuraý atly gelin berdi. Ol iki çaganyň enesi, adamsy bilen kärende ýerlerinde işleýär, işiginde sygyr, goýun, towuk saklaýar.
 

Käýinçler döwleti
18.02.2010
12-nji fewralda geçen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A. Annamyradowa käýinç berildi. Garaşsyzlyk ýyllarynyň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda ýokary derejeli resmä käýinç berilmegi onuň basym işden aýryljagyny, soňy bilen türmä basylmagynyň hem ahmaldygyny aňladýar.
 

Neşe belasyndan nädip gutulmaly?
12.02.2010
Türkmenistanyň neşe maddalaryna garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň başlygy A. Garaýewiň 5-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda aýdyşy ýaly, neşe serişdeleri bilen saklanýan raýatlaryň arasynda ýaş aýal-gyzlar hem duşmagy gynançly zat.
 

Çagalary gynaýan hökümet
20.12.2009
Türkmenistanda mekdep okuwçylaryny we ýokary okuw jaýlarynyñ studentlerini mejbury syýasy çärelere gatnaşdyrmak garaşsyzlyk ýyllarynda kada öwrüldi. Dogrusyny aýtmaly, bu praktika sowet ýyllarynda hem bardy. Ýöne garaşsyzlyk ýyllarynda ol has köpeldi we gözçykgynç häsiýete eýe boldy. Käbir ýagdaýlarda bu praktika adam ýitgilerine, çagalaryñ biwagt ölümine hem getirýär.
 

ÝALANYÑ DOWAMY
17.12.2009
Türkmenistanda S. Nyýazowyñ Ruhnama kitabynda synagdan geçirilen beýni ýuwuşlyk dowam etdirilýär. Bu çäre, biziñ gürrüñdeş bolan türkmenistanlylarymyzyñ pikirlerine görä, esasan ýaş nesliñ beýnisini ýuwmaga gönükdirilen. TDH Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk atly täze kitabyň neşir edilmeginiñ ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy we medeni durmuşynda uly ähmiýetli waka bolandygyny ýazýar. Ýöne, näme üçindir, täze kitabyñ awtorynyñ ýa awtorlarynyñ ady, ol kitabyñ haýsy neşirýat tarapyndan näçe nusgada çykarylandygy aýdylmaýar.
 
Pages: 1 
 
 
19.12.2010, 09:07
Köpartiýalylyk aladasy

27.02.2010, 09:34
Duşuşykdan soňky duşuşyk

 
Archive
 
Mail list
Galleries
 
 
Partners
 
 
 
FreedomForSale
 
Follow us on Twitter
 
 
@Mail.ru
Rambler's Top100Rambler's Top100
 
 
© Türkmenistanyñ Hronikasy 2009 - 2017