Saýt boýunça gözleg
      Daily news
Biz hakda Täzelikler Makalalar Hukuk we azatlyklar Hasabatlar we dokumentler Dissident Forum  
Main Page Sitemap Write e-mail Русская версия English version Türkmen version
 
Makalalar | Arslan Baba Print version
 
Aman KGB-niň dynç güni
19.12.2010

Aman KGB aýaly bilen ogluny daş işige çenli ugradyp, gapyny içinden ýapdy-da, ylgap baryp, gizläp goýan sapançasyny barlady. Ol öýde ýeke galdygy sapançasyny barlaýardy. Sapançasynyň bukan ýerinde durandygyny görse, onuň ýüregi ýerine gelen ýaly bolýardy. Eger hemişe ýanyna sapança göterip bilsedi, ol onda gapyl galaryn öýdüp beýle dowla düşmese-de düzmezdi...

Aman KGB sapançasyny pijamasynyň jübüsine salyp, ýene öz howpsyzlygy,  bu meseläni çagalaryna zyýansyz çözmegiň mümkin bolan ýollary  barada pikir etdi. Ol Döwlet howpsuzlyk komitetine işe girip, obalarynda ady “Aman KGB” diýlip tutulyp ugraly bäri öz howpsuzlygy barada köp pikir edýärdi. Onuň pikir-oýuna görä, öz howpsuzlygyňy üpjün etmän ýa özüňe abanýan howpuň garşysyna hiç zat edip bilmän döwlet howpsyzlygyny goramak mümkin däldi. Bu meseläniň içiňi hümmüldedýän ýeri,   Aman soňky ýyllarda öz howpsuzlygy barada diňe köp pikir däl, köp alada edýärdi. Has anygy, onuň ýagdaýy uzyn ýola çykyp, ýoluň aňrybaşynda özüne bir erbetligiň garaşýanyny bilýän, emma ol ýoldan ne yza dolanyp, ne gyra sowlup bilýän adamyň çykgynsyzlygyna meňzeýärdi. Iň ýamany, ol bu barada oýlanmajak boldugyça beter bolýardy.

 

Öňler, ilki howpsuzlyk komitetine işe gelen ýyllary, Aman öz howpsuzlygy barada beýle kän alada etmezdi. O wagt SSSR döwrüdi, hemme mesele Moskwadan çözülýärdi, belli bir kada-kanun bardy. Kada-kanun bolan ýerinde adam näme etmelidigini, näme etmeli däldigini, belanyň nireden geljegini, ýa-da nähili iş etse, neneňsi netijesiniň boljagyny gowy bilýär. Ýöne SSSR dargady-da, Moskwa bilen bile öňden gelýän sowet kada-kanuny hem ýuwaş-ýuwaş gözden uçdy. Onsoň, duşmanyň  nirededigini, haýsy tarapda, haýsy agajyň arkasynda gizlenýändigini bilip bolmaýan günler geldi. Bu diňe Nyýazowyň “garamaýak” diýýän halkyny däl, ady “daýylar” ýa “ümsümler” diýip tutulýan howpsuzlyk ofiserlerini, KGB-DHK işgärlerini hem aljyratdy.

 

Aman KGB ilki özleriniň etmeli hem etmeli däl işleriniň garym-gatym bolanyna gynandy. Ol öz edaralarynyň adynyň köp çykyp başlamagyny şundan görýärdi. Ozal, sowet döwründe adamlar DHK hakynda az zat bilerdiler, az gürlärdiler. O mahal bu edarany, beýik haýatyň aňyrsyndaky bagly howly ýaly, nähilidir bir syrlylyk gurşap duran ýaly görnerdi. Haýp, sowet sistemasynyň çaýkanmagy netijesinde KGB-niň arhiwiniň açylmagy, hakyna tutulan agentleriň sanawyny çap etmek ýaly talaplar köpelip,  bu syrlylyk hem ýukalyp başlady. Netijede, Gorbaçewiň aç-açanlyk we üýtgedip gurmak syýasaty olar hakda öň diňe pyşyrdalyp aýdylýan zatlaryň açyk ýazylyp başlamagyna ýol açdy-da, dhkçylar özlerine iň erbet howpuň aç-açanlykdan geljegine göz ýetirdiler. Hernä aç-açanlyk uzak gitmedi. Garaşsyzlykdan soň DHK-nyň ilki MHK, Milli howpsuzlyk komiteti, soň MHM, Milli howsuzlyk ministrligi bolmagy olary öňki gara geçmişden biraz daşlaşdyran, aýran ýaly etdi. Ol şonda indi diňe öz halkymyzyň abadançylgy, öz döwletimiziň berkligi üçin işlesek, il içinde abraýymyz hem gowulanar diýip pikir edipdi.

 

Aman KGB SSSR darganda kakasynyň “Indi näme işlejek, döwletiňizem-ä ýykyldy?” diýen soragyna “Öz döwletimizi gurarys, kaka, herne bolsa, bähbitlisi bolsun” diýip, gaty arkaýyn jogap beripdi. Emma soň, näme üçindir, Aman kakasynyň bu soragyny hem oňa öz beren jogabyny kän ýatlady. Ol özüniň döwlet gurmak, türkmen halkynyň, şol halkyň içinde öz maşgalasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky arzuwynyň juda ýöntem, juda ýüzleý bolandygyna on-on bäş ýyl geçenden soň düşündi. Arman indi onuň ýanynda iç döküşere hiç kim ýokdy. Ol aýalynyň ýanynda içini dökmekden  öler ýaly gorkýardy. Çünki ol aýalynyň öz eden gürrüňini ejesiniň, doganlarynyň ýa joralarynyň ýanynda dilden sypdyrmagyndan ätiýaç edýärdi. Şoň üçinem ol öýde bolan wagty aýalynyň atasy öýüne gitmegini ikelläp goldaýardy,  eger ogly bolmasa, ony maşynly ejelerine eltip, soň gije baryp yzyna alyp gaýtmaga-da göwünjeň razy bolýardy. Eger ogly öýde bolsa, ol ony hökman ejesi bilen mamalaryna iberjek bolýardy. Aman öýde ýeke galsa,  beýnisiniň içinde köwsar urýan pikirleri daşyndan aýdyp, biraz ýeňleýärdi.

 

Kakasy, agasy diri bolan bolsa, Aman KGB edil beýle-de bolmaly däldi. Çünki kakasyna, agasyna aýdan gepiniň hiç ýere çykmajagyna gözi ýetikdi. Ol adam öz ýurdunda, öz dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň arasynda beýle ýeke galar diýip pikir etmändi. Emma ol ýyl-ýyldan dymma, garasöýmez  bolýanyny,  hiç kime doly ynanyp  bilmeýänini gowy bilýärdi.  Iň ýamany bolsa, ol bu ahwalatyň aňsat soňunyň gelmejegini, belki-de diňe ölüm bilen gutarjagyny çen edýärdi...

 

Dogry, Aman KGB  bir sistemadan başga bir sistema geçilende beýle-beýle zatlaryň bolmagynyň kanunalaýyk bir zatdygyny hem ýadyndan çykaranokdy. Ondan ötri,  her näçe boýun almajak, pikir etmejek bolsa-da, ol  öňki güzeranyny  ýitirýän, ýanalýan, işden kowulýan, türmä düşýän, keselläp ýa tarpa-taýyn, biwagt ölýän adamlaryň, döwletden, howpsuzlyk gullugyndan öýkeli, öçli maşgalalaryň barha köpelýänini we entegem köpeljegini boýun alman bilenokdy.  Onuň özi serçe sürüsi ýaly topar tutup gelen belalardan aman galsa-da, kakasy hem agasy biwagt dünýäsini başgalan adamlaryň içindedi...

 

“... Jumaly aga nähili adamdy?”

Her gezek kakasyny ýatlanda bolşy ýaly, kakasy jaýlananda oba ýaşulusynyň gygyryp beren soragy ýene onuň gulagynda ýaňlandy. Bu soragy ol kakasy ýogalmazyndan öň hem, ilkinji gezek gonamçylyga baryp ugraly bäri kän eşidipdi. Ýöne şondan öň bu sorag onuň bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykyp giden eken.  Belki-de öz kakasynyň mazarynyň başynda bolany üçin, indi bu sorag hem, oňa berlen jogap hem başgaça eşidilýärdi:

 

“Adamlar, Jumaly aga nähili adamdy?” diýip, oba ýaşulusy üç gezek sorady. Adamlar üç gezegem “Gowy adamdy” diýip jogap berdiler. Bu sözler Amana iň uly göwünlik bolup eşidildi. Ol kakasy gözlerini baky ýumup, şu mazarda depin edilýänçä ençeme göwünlik sözüni eşidipdi. Adamlar “yzy ýarasyn”, “yzynda galanlara uzak ömür bersin”, “jaýy jennetden bolsun”, “iman baýlygyny bersin” diýen ýaly sada, ýöne  manyly sözler bilen ýaraly ýürege teselli berýärdiler. Emma ol sözleriň bary bir ýana, şu iki söz – “gowy adamdy” hem bir ýana boldy. Soň oba ýaşulusy kimiň Jumaly aga bilen algy-bergisi bolsa,  ogly Amanyň ýanyna gelmelidigini aýdanda hem ol egninden göterilen ýaly boldy. Sebäbi ol, eger kakasy bergi eden bolsa, şol bergini üzüp, kakasynyň at-abraýyny goraýan, yzyny tutýan ogul bolup biljekdi...

 

Hernä kakasy bergi etmän eken, hiç kim hiç zat sorap gelmedi. Tersine, onuň kakasyna bergili adamlar bar eken. Ol öň hiç wagt  kakasy beýle eli açyk, görene karz pul berip ýören adamdyr diýip pikir etmändi. Soň görse, kakasy ogly neşekeş bolup, öýi tozan obadaşlaryna hem pensiýa pulundan karz berip ýörüpdir. Ol muny diňe şol adamlaryň özi gelip aýdanda bilip galdy...

 

“Jumaly artykmaç adam eken, eden kömegini hiç kimiň ýanynda diline çolamady – diýip, bergidarlaryň biri oňa kakasyndan alan puluny getirende aýtdy. – “Bergiň bardyr, wagtynda gaýtaraýsaň” diýip dagy ýaňzytmadam.  Gaýta men agzasam hem göwünlik berip, “bolan wagty berersiň-dä, näme biderek zady alada edýäň, saglyk bolsun diý” diýerdi...

 

Aman ol adamyň getiren puluny almady. Has dogrusy, ol Aman KGB adyny göterip, garyp obadaşyndan kakasynyň beren karzyny gaýdyp almagy özüne uslyp bilmedi: “Kakam beren zadyny göwnünden çykaryp berendir, geregiňe ýaran bolsa bolýar, men razy, bujagaz pula bazardan bir tokly al-da, çagalaryň bilen iý, kakam pahyr doga-töwiriňden hoş bolar” diýdi. Ol adam gözüne ýaş aýlap, “Ineriň döli bolmaz” diýleni ýalan eken, ärden är dogýan eken” diýip, alkyş okap gitdi.  

 

Aman KGB kakasy hakda köp pikir etmesini kakasy ölenden soň ölüm hakynda köp oýlanyp başlamagyndan gördi. Her neneňem bolsa, ol özüniň ölümden, has-da beteri jaýlananda “Aman nähili adamdy?” diýen soraga beriljek jogapdan gorkýandygyny boýun almak islemedi. Şeýle pursatlarda ol özüniň kakasy ýaly abraýly ölüp bilmerin öýdüp gorkýandygy barada üzlem-saplam pikir ederdi.

 

Aman oba terbiýesini alyp ulalypdy. Onuň ejesi-de, kakasy-da ýamanyň öz pälinden tapjagyna, ýagşynyň ýalkanjagyna ynanýardy. Emma Aman bu ynanjy ýöntemräk görýärdi. Muňa garamazdan,  işdeş ýoldaşlary, tanap-bilip ýören adamlary näçe kän türmä basyldygyça, ol bu ynanja barha çynlakaý garamaga başlady. Belki, özüne gaty göwni ýetýän ofiserleriň onlarçasynyň, hatda generallaryň türmä düşüp, onuň aman galmagy hem päline, niýetine, ýüregine bagly bir zat bolandyr?   “Entek seniň hem näme boljagyň belli däl” diýip, ol bu soragyň içinde bir ýerde ýatan taýyn jogabyny diline getirmekden saklanardy. Çünki  Amanyň gaty gorkan, gijelerine gara basyp, gygyryp turan we daňa çenli dik oturan, irden işe gidip, agşam öýüne gaýdyp geljegine ynanmadyk halatlary az bolmandy.

 

Aman soňabaka, işe gidişin hem gaýdyşyn, özem bilmän samramaga, türkmen klassyklarynyň biriniň “Gorky ede-ede ryswamyz çykdy” diýen goşgy setirini gaýtalamaga başlady.  Ol mekdepde edebiýaty gowy okamansoň, bu setiriň anyk kime degişlidigini ýadyna salyp bilenokdy, “Ýa Seýdiniňki, ýa-da Zeliliniňki bolmaly” diýýärdi. Ýöne ol öýünde ýa işinde kitap dörüp, o setiriň kimiňkidigini anyklamaga ýa wagt tapanokdy, ýa muny ýatdan çykarýardy. 

 

Bir gezek ol bir zat üçin ýazyjylaryň biri bilen gürleşmeli boldy. Şonda ol Seýdiniň goşgulary hakda hem gürrüň gozgady welin, o ýazyjy Seýdi atly birnäçe şahyryň ýaşap geçendigini, emma olaryň goşgularynyň bir adama berlendigini aýdyp, ony hasam bulaşdyrdy. Bu gürrüňden soň ol iş hem öý aralygynda ýadyna düşýän “gorky” setiriniň kimiňkidigini biljek hem bolmady, “kitapda ýazylan zatlaram ýalan, bulam-bujar ýa toslama boljak bolsa, ol zatlary bilmekden, ýatda saklamakdan ne peýda?” diýdi.

 

“Gorky ede-ede ryswamyz çykdy,

Herne kysmat bolsa, görülsün imdi...”

 

“Bolsa-da, ýeser aýdylypdyr” diýip, Aman KGB işe barýarka ýa işden gaýdyp gelýärkä pikir ederdi. Soňabaka ol içinden gaty gorkan gezeklerini ýatlamagy hem öz-özüne ol gorkularyň boş çykandygyny ýatlatmagy, şeýdip özüni arkaýynlaşdyrmagy endik edindi.

 

Ol ilki 1995-nji ýylyň tomsunda, hökümete garşy ýörişe çykanlaryň ýüzlerçesi tussag edilende gorkupdy. Bir kärdeşi şonda “bu 1930-njy ýyllardan  bäri turan iň uly gozgalaň” diýipdi.  “Munuň hökman yzy bolar, nägile halk Daşoguzda, Balkanda, Maryda hem aýaga galyp başlar” diýenler hem tapylypdy. Emma bu pikir esassyz çykdy. Şonda “Bu millet on sekizinji, on dokuzynjy asyrlarda bitewileşip, daşarky duşmana garşy göreşmegi bilipdir, emma indi özüni teke-ýomuda, maryly-ahalla bölýär, raýdaşlygy bilenok, şu-da häkimiýetlere edenini etmäge şert döredýär” diýip, ýazyjylaryň biriniň aýdanyny Amana mejimä salyp getirip beripdiler. O ýazyjynyň pikirine görä, bu orus döwründe ýöredilen “Agzyny alart-da, höküm sür” syýasatynyň agyr netijesidi.  

 

Aman ýurtda giň ýaýran neşe söwdasyna MHK-nyň kontrolluk edýänligi  baradaky gep-gürrüň  möwjäp ugranda-da gaty gorkupdy. Şonda Deutche Welle radiosy Aşgabat aeroportundaky serhet goragçylaryna ýolbaşçylyk edýän maýor Witaliý Usaçewiň uçar meýdanynda Owganystandan getirilen ýüzlerçe kilo neşe maddasynyň üstüni açyp, atuw alşy barada habar beripdi.

 

Aman şo günler il içinde MHK hem neşe söwdasy barada edilýän gürrüňleri kän eşidipdi. Has dogrusy, bu gürrüňleri oňa “habarçylar” getirýärdi. Adamlar maýor Usaçewiň tapan neşeli konteýneriniň wagtlaýyn hökümet ýükleriniň saklanýan ammarynda goýlanlygy, bu ammara milli howpsuzlyk güýçleriniň gözegçilik edenligi,  şu sebäpden hem ol konteýneriň gümrük barlagyndan geçirilmänligi barada gürrüň edýärdiler. Ol bazarda bir adamyň başga birine  maýor Usaçewiň bu ýüki konfiskasiýa etmegi buýrandygy we ähli zady şaýatlaryň gatnaşmagynda dokumentleşdirip, aeroportdaky milli howpsuzlyk işgärlerine tabşyrandygy barada aýdan sözlerini eşidip, bir zada güýmenen bolup aýak çekipdi. “Soň, maşynyna neşe taşlap, o maýoryň özüni tutupdyrlar. KGB-äň türmesinde otyrka oň ýanyna serhet goşunlarynyň ýolbaşçysy Akmyrat Kabulow baryp, ýuwaş otur, men seň işiň barada prezident bilen gürleşjek” diýipmiş. Soňam o pahyry atyp goýberipdirler...” diýip, ol adam nemes radiosyndan eşiden zatlaryny gylyny gaçyrman gürrüň berýärdi.

 

Aman KGB bu wakanyň daşary ýurtlara gaçan oppozisiýa agzalary tarapyndan ulanylmagyndan we ahyrynda hökümetiň işden çekilmegine getirmeginden gorkupdy. Dogrusy, mundan gorkmazça-da däldi.

 

Aman KGB bu wakanyň  daşary ýurtlara gaçan oppozisiýa agzalary tarapyndan ulanylmagyndan we ahyrynda hökümetiň işden çekilmegine getirmeginden gorkupdy. Dogrusy, mundan gorkmazça-da däldi.

 

Öňki daşary işler ministri Abdy Kulyýew türkmen resmileriniň kömegi bilen ýylda 80 tonna çemesi neşe maddasynyň  ýurda getirilýändigini aýtsa, Merkezi bankyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow ýylda getirilýän gaçak neşäniň mukdarynyň 120 tonna çemesidigini aýdýardy. Kulyýew  tutulan we gaçak getirilen neşeleriň TKP MK-nyň öňki binasynyň ýerzemininde saklanýandygyny aýdýardy. Bu gürrüňlere öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow hem goşulýardy. Ol neşe gaçakçylygynyň MHK-nyň kontrollugynda, Nyýazowyň emri bilen amala aşyrylýandygyny tassyklap, 1997-nji ýylda Guşguda gümrük gullugynyň ýolbaşçysy  bolup işlän bir adamyň neşe gaçakçylygy bilen bagly aladalaryny jikme-jik ýazyp, Nyýazowa ýetirişini delil getirýärdi.

 

Aman KGB bu zatlary aňynda aýlap, gözlerini ýumdy welin, Nyýazowyň ýurduň gümrük gullugynyň başlygy Habybulla Durdyýewe käýäp, ondan Guşgudaky gümrük resmisini işden aýyrmagy talap edişi göz öňüne geldi... Ol resmi soň ýitirim edilipdir diýýärdiler... Şol wagtam biri onuň gulagyna Habybullanyň özüniňem türmede ölendigini pyşyrdan ýaly boldy. Ol gözlerini ýalpa açdy.

 

Aman KGB öz ýanyndan pikir etmekden ýadaýanyny, şu ýadawlyk zerarly hem uklap dynç alyp bilmeýänini, indi munuň bir çäresini tapmasa bolmajgyny, gör, näçinji gezek belledi.  Ýöne her gezek Habybulla käýelişini ýatlanda bolşy ýaly, onuň göz öňüne öz kärdeşi Haýyt Kakaýewe heňkirilişi hem geldi.

 

“Howpsuzlyk gullugyndaky işgärleriň bary tirýekkeş bolupdyr, bileňzokmy şuny? – Nyýazowyň gaharly sesi onuň gulagynda ýaňlanyp gitdi. – Howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary Kakaýew, sen, şu... näçe ýyl bäri haramlyk edip gelýän ekeniň... Nämüçüp beýle Howpsuzlyk komitetiniň abraýyny saklaman, etjegiňi edip ýörsüň?” Aman indi ençeme ýyl bäri gulagyndan gitmeýän sesden bir ýere gaçmak isledi. Ýöne ondan gaçara ýer ýokdy, ol ses onuň öz içinden, beýnisinden bir ýerden gelýärdi. “Nämüçüp sen Taşowuzda bir topar tirýekkeşi goldap, öz garyndaşlaryňy bir topar şäherlerde Howpsuzlyk komitetiniň işgärligine çekip,  öz... Ondanam başga, muň içinde haramlar bilen gatnaşyp... Iň soňky eden haramlygyňam düýn agşamky Otuzowyň ýanyna barmaň, gybat etmäň...”

 

Aman gulagynda ýaňlanýan sesi eşitmejek bolup çirkin gygyrdy. Ýöne içinde çuňda bir ýerde oturan Nyýazow ondan hem beter gygyrdy: “Hudaýyň bärmy seň? Şuňňaly derejä ýeteňden soň Howpsuzlyk komitetiniň adyna ysnat getirýäniňe... “Aý, ynha, başlyklar oňa gidýämiş, muňa gidýä... Seň ýalak haramzadaň (ol bu sözleriň aşagyndan stola urulýan ýumrugyň düňküldisini hem aýyl-saýyl eşitdi) ol gybat ýaýratmasy bilen başlyklaň abraýy pese düşmez...” Aman oňa “Abraýyňyz pese düşmejek bolsa näme beýle dowla düşýäňiz?” diýmek isledi. Bu sorag onuň diline şu nadara gykylyk her gezek gulagynda  ýaňlananda gelýärdi, ýöne ol bu sözi öz öýünde, Nyýazowyň ölenine birnäçe ýyl geçenden soňam daşyndan aýtmaga het edip bilmeýärdi. Nyýazow bolsa, onuň özünden gorkýanyny bilýän ýaly, beýnisiniň içinde bir ýerlerde bukulyp oturan ýerinden, Kakaýewe stol ýumruklap aýdan sözlerini hezil edip gaýtalaýardy. Ol: “Diňe içigara, görip haramzadalar, özi haram bolup, haramlygy başgalara ýokdurjak bolýanlar şuňňaly gürrüň edýändir... Komitetiň orunbasary bolup, şäherde-de çem geleni tutan bolup, Nazarow, seň ýolbaşçylygyňda edilýär, basan bolup,   KGB-äň türmesinde para aljak bolup, o KGB-äni bir parahana öwürdiňiz-ä!..”

 

Aman öz kärdeşleriniň nähili hapalara çümüp biljegini Nyýazow aýtmanda hem bilýärdi. Bu garadan gaýtmazlyk garaşsyzlyk ýyllarynda, Nyýazowyň ýolbaşçylygynda kada öwrülipdi. Sebäbi olar, milli howpsuzlyk bahanasy bilen, bütin halky terror astynda saklamaga ygtyýarly edilipdiler. Taýagyň iki ujy bar diýleni: Nyýazow olara beýle ygtyýarlygy öz eden-etdiligini goramaklary, dili uzyn intelligentleri toba getirmekleri üçin berýärdi. Şol sebäpli, öz gezeklerinde, olar hem kanun diýip durmaýardyler. Muny Nyýazow-da, MHM-çylar-da gowy bilýärdiler. Has dogrusy, bu sözsüz baglaşylan şertnama ýaly bir zatdy.  Bu ýerde Nyýazowyň gaty gören zady gybat däldi, hakykatdy. Ol öz sözsüz şertnama baglaşan adamlarynyň, uly dereje, pully wezipe beren ofiserleriniň özi barada, öz töweregi barada ikiçäk gürrüň edip, hakykaty dile getirmeklerinden dergazap bolýardy.  “Sen gybaty däl, hakykaty bagyşlap bilmeýän bolaýma?” diýip, Aman içindäki nadara sesden soramak isleýärdi, emma sorap bilmeýärdi. Sebäbi bu sorag, Haýyt Kakaýewiň “gybaty” ýaly, türmä, Ölüm şäherine  alnan bir taraply biletdi, başga zat däldi.  

 

Aman iş tejribesinden iki adamyň arasynda bolan gürrüňiň köplenç olaryň biriniň beýlekini “satmagy” netijesinde mälim bolýandygyny gowy bilýärdi. Ýöne şonda Haýyt Kakaýew bilen Begmyrat Otuzowyň “gybatynyň” Gurbanbibi Atajanowanyň adamlary tarapyndan ýazgy edilendigi barada hem myş-myşlar ýaýrapdy...

 

Amanyň durmuşdan iň uly öwrenen sapagy dymmakdy, artykmaç gürlemezlikdi. Şeýle-de ol, kakasynyň pendini tutup, mal, baýlyk, gymmat maşyn, uly jaý, iki-üç sany oýnaş edinjek bolmandy. Obada, kakasynyň ömrüni magazin müdiri bolup geçiren dostunyň bir aýdan sözi onuň gulagynda hemişelik galypdy. Ol magazinde alyjydan pul ýonjak bolup ölüp-öçmän, ynsap bilen işläňde-de esli pul galýar diýerdi. Ýöne ol agzyň arassa bolmalydygyny, aýala kowalaşmaly däldigini, dostlar bilen pul sowurmakdan saklanmalydygyny hem sözüniň üstüne goşardy.

 

Aman arassaja, ýöne ne gymmat halylardan, ne kaşaň mebellerden doldurylan üç otagly kwartirasynda assa basyp, iki ýana ýöredi. Meger, şu-da ony aman galdyrandyr. Sebäbi ol öňki resmi tutulanda, onuň öýüni dökenleriň köplenç ol adamyň öý goşlary barada gürrüň edýändigini, şol gürrüňiň hem bütin şähere ýaýraýandygyny bilýärdi. Onsoň, adamlaryň köpüsiniň düşünjesine görä, eger öýüň goşdan doly bolsa, bu seniň eliň egri bolandygyny aňladýardy. Ol sowet döwründe bir kärdeşiniň başga bir kärdeşiniň işe geýýän köýneklerini, penjegini hem balagyny, köwşüni sanap, depderçä belläp ýörenine şaýat bolupdy. Kärdeşi oňa keseden bir gazanjyň bolmasa, beýle geýinmek mümkin däl diýipdi. O wagt her kimiň sanalgyja köýnek-balagy bolardy. Magazin müdirleri ýa söwda bazasy bilen ilteşigiň bolmasa, başga şäherlere komandirowka gitmeseň, ilden üýtgeşik zat geýjek gümanyň ýokdy.  Onsoň Aman gymmat öý goşlaryny edinmekden gaça durdy, ilden artyk gowy geýinjek bolmady.  “Goý dogan-garyndaş, dost-ýar hem eli egri diýip pikir etmesin” diýdi. Ýöne ol edil daşyndan görnüşi ýaly arassa ýa günäsiz hem däldi.

 

Ilkiler, ýurtda täze türkmen baýlary döredilmäge başlanda, ol özüni kinolaryň birinde gören kiçijik oglanjygyna meňzederdi. Ol oglanjyk şkabyň içinde gizlenip duran ýerinden içerde bolan ganly jenaýata şaýat bolýardy. Emma öz bukusyndan çykmaga we bu jenaýaty bilýändigini, jenaýatçylary ýüzünden tanaýandygyny aýtmaga milt edip bilmeýärdi. Soňabaka, eline birneme pul düşüp, biraz gurplanandan soň, ol özüni birden ulalan hem şkapdan çykan, ýöne baryp şol jenaýatçylaryň arasyna goşulan ýaly duýup başlady. Sebäbi ol jenaýatçylar häkimiýet başyndaky uly adamlardy, olaryň üstünden polisiýa şikaýat etmek manysyzdy. Elbetde, ulularyň öz dünýäsi bardy. Ol ýerde içişlik bolanda içmelidi, çekişlik bolanda çekmelidi, ogurluk edilende ogurlyk etmelidi, akja jüýje boljak bolmaly däldi. Muny olar halamaýardylar. Ýöne Aman içip ýa çekip, çakdan aşa mes bolmaly däldigini,  kelläňi ýitirmek bolmaýandygyny, geplejek gepiňi gaty bilmelidigini hemişe ýatda saklaýardy. Ol hiç wagt kän içmezdi, az içerdi hem serhoşsyran bolardy...

 

Aman KGB öňler kim bilen nirede we näme gürrüň edendigini, kärdeşleri barada, ýokary gatlak wekilleri, gara donly intelligentler barada eşiden zatlaryny, ýurtdaky wakalaryň hronologiýasyny, işden kowulýanlar we işe bellenýänler, türmä basylýanlar ýa basylman sypýanlar baradaky gep-gürrüňleri gaty gowy bilýärdi we gije ýatyrka turzup sorasalar hem aýdyp biljekdi.  Emma soňky wagtlar ol käte bolan zatlaryň sagadyny, aý-gününi däl, ýylyny  hem ýadyna salyp bilmeýärdi. Käte bolsa ol öň bolan zadyň ýerini soň bolan zat bilen çalşyrýardy. Ýöne ol Nyýazowyň käbir sözlerini näçe ýyldan soň hem sözme-söz ýatlaýardy. Has dogrusy, onuň beýnisiniň içinde Nyýazowyň käýinçleri hem tabşyryklary ýazylan kinniwanja kassetaly magnitafon oturdylan ýalydy we ol magnitofon birden-birden, garaşman durka gepläp başlaýardy: 

 

“Köpçüligiň üýşýän ýerlerinde, bazarda, jygyllykda, awtoulaglara münülýän ýerlerde, toýlarda... ine, şo taýda bolmaly siz” diýip, onuň içindäki ses aýdýardy...

 

Aman başyny iki eli bilen tutup, hapa-hapa sögündi. Ol soňky döwürde agzyny paýyş sözlere öwredýänin bilýärdi, ýöne mundan saklanyp bilmeýärdi. Aman dirikä içinden sögünmekden hem gorkardy. Ol Nyýazow ölenden soň bu gaharjaňlygy sowular, köşeşerin öýdüpdi. Emma bolmady... Ol öňki oýundan sag-aman eşşi bolman çykan hem bolsa, indi başlanýan, has dogrusy, täzeden oýnaljak bolýan köne oýundan aman çykyp biljegine ynanmaýardy...

 

Ol birki günlükde öňki kärdeşiniň aýaly bilen pete-pet geldi. Biçäre aýal, hossaryny gören ýaly, naýynjar ýylgyrdy. Aman ondan äriniň ýagdaýyny sorady. Naçar görgüli türme ýolbaşçylarynyň el serip oturmasyndan zeýrendi. “Öýümiz towuga ýükläýmeli boldy, bar goşumyzy satdyk, bergi-borja batdyk...” diýdi.  “Ahyry demine degmän çykarsalar... Sapar Seýid-ä sag-aman çykyp geläýipdir” diýdi. Aman ol aýal bilen  hoşlaşyp ara açandan soň, türmede oturan kärdeşiniň ýerinde özi bolan bolsa we öz aýaly ýolda şol kärdeşine sataşan bolsa, onuň öz naçarynyň salamyny aljagyna, halyny sorajagyna ynanmady. Ol onuň türmä düşmäkä işden aýrylan bir garyndaşy bilen salamyny kesenini, hatda ondan toýda, ýasda  hem çeke duranyny eşidipdi...

 

Aman KGB soňky wagtlar ýene bir zady, has dogrusy bir soragy köp ýatlaýardy. Ol sorag Haýyt Kakaýew bilen Habybulla Durdyýewe, dogrusy, olaryň türmede ölüp gelenlerinden soň jaýlanyşyna degişlidi. “Elbetde, obalylar beýikdir, däpden çykan däldirler” diýip, ol içinden pikir ederdi. Onsoň, “Adamlar, Haýyt Kaka nähili adamdy? Habybulla Durdy nähili adamdy?” diýip, oňa oba ýaşulusynyň sesi eşidilerdi. Emma ol wagtal-wagtal bu däbiň obada hem saklanyp galjagyna, ýagny hökümet tarapyndan ýazgarylan adamlar babatda hem ulanylyp biljegine ynanman başlady. Emma ol muny birinden soramaga ýa ol adamlaryň jaýlanyşy bilen gyzyklanmaga çekindi. Ol ozal prezidentiň ýanynda işlän bir uly resminiň ejesi ýogalyp,  o bendäni jaýlamaga adam tapylmanyny eşidipdi. Ýöne bu şäherde bolan zatdy...  

 

Amanyň ýene bir gaty gorkan zady Içieri işler ministri Poran Berdiýewiň “Atam!..” diýip başlanýan nutugy hem Muhammet Nazarowyň kyhlanmagy bolupdy. Poran şonda MHK ofiserlerini bikanun öý dökmekde, bigünä adamlaryň öýüne neşe maddalaryny taşlamakda, tussaglary gynamakda, hatda polisýanyň işgärlerini öldürmekde aýyplapdy. Bu aýyplamalara baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa hem goşulypdy...

 

Aman soň Abdy Kulyýewiň “Nyýazow bu arassalaýşy MHK-nyň özüne garşy dildüwşuk guramagyndan, Aşgabatda hem Moskwadaky Putin-Ýeltsin çalşygy ýaly bir zadyň bolmagyndan gorkup etdi” diýendigini eşitdi. Ol şonda Nyýazowyň  Nazarowyň generallyk ýyldyzlarynyň birini aýryp, ony işden aýyrman galdyrmagyna begenipdi. Biraz soň ol Nyýazowyň syçan-pişik oýnunyň soňuny görüp, diňe bir zada, özüniň eline gandal salnan öňki ofiserleriň arasynda däldigine şükür etdi.

 

Şu ýyllaryň içinde Amanyň başga-da bir begenen güni  boldy. Ol Nyýazowyň ölenini eşidende şatlygyndan tas gygyrypdy. Emma ol begenjini daşyna çykarmakdan saklandy hem onuň kyrky geçýänçä ýüzüni sallap, ýas tutýan adamyň sypatyna girdi. Ol şonda öz ýanyndan “hemme kişi şeýle edýär, begençlerini içde saklap, daşlaryndan gynanan bolýarlar” diýipdi. Ýöne soň ol Öňki prezidentiň ölümine hakykatdan hem gynanan, “Indi näme bolar?” gaty alada eden adamlaryň hem az bolmanyny eşitdi. Bir kärdeşi munuň Stalin ölende hem şeýle bolandygyny aýtdy. Ýöne olar dilleriniň ujunda duran, kellelerinden köwsar urýan bir soragy, Nikita Hruşewiň Stalini paş edişi ýaly, täze prezidentiň Nyýazowy paş edip-etmejegi baradaky sowaly bir-birine bermäge het edip bilmediler...

“Eger-de çem gelen diýenini diýip ýörse bolmaz-a!” Amanyň gulagynda Nyýazowyň sözleri ýaňlanyp giden ýaly boldy. “...döwlet boljak bolsak, çöp başy gymyldasa bilmeli siz!..”

 

Aman pikir etmekden ýadap, aşhana bardy-da, bulgury ýartydan gowrak edip wiski guýundy. Ol wiski owurtlap, öýüň içinde iki ýana gezmeledi. Aşhanadan ýatylýan otaga baryp, düşege gyşardy. Ýöne Nyýazowyň beýnisiniň içinde ýaňlanyp duran sesi kesilmedi: “Şyhmyradowyň elinde Orsýetiň pasporty... Türkmen pasportam ýok onda, ol prezident bolar ýaly. Ýöne biri oýnaýa ony. Türkmen dilinem bilenok, türkmen dilini dogabitdi bilenok ol...”

 

Aman onuň Şyhmyradowyň gany baradaky sözlerini eşitmejek bolup, elindäki bulguryny zalp bilen başyna çekdi-de, iki eli bilen gulaklaryny ýapdy. Ýöne Nyýazowyň sesi daşardan däl, onuň beýnisiniň içinden gelýärdi: “Ganynda-da türkmenden başga başga garylan gan bar...”   Ol ylgap aşhana baryp, ýene bulguryny ýarpylap wiski guýundy. Emma bu gezek wiskisini alyp, ýatylýan otaga gitmedi-de, içgisini aşhanada oturyp owurtlady. Sebäbi içip ýatylýan otaga barsa, uklaryn hem düýş görerin öýdüp gorkdy. Ýöne ol aşhanada  oturmany halamazdy. Belki, aşhananyň darlygyndan, ol bu ýerde özüni iki tarapyndan gysylýan ýaly duýýardy. Onsoň Aman assa basyp, myhman otagdaky diwana baryp çökdi. Ýöne bu ýerde hem uklajagyny aňdy-da, gowusy ýatylýan otaga gidip, arkaýyn ýataýyn diýdi. Ol irkilip barýarka Boris Şyhmyradow hakda pikirlendi. Aman bu pikirleriň hökman şuňa geljegini bilýärdi. Ol oýalyk bilen ukyň aralygynda Borisiň sesini eşitmejek bolup gulaklaryny iki aýasy bilen ýapdy. Ýöne Borisiň gamgyn sesi onuň aýalaryny böwsüp geçdi:

 

“Ýa Şyhmyradow Boris Orazowiç, tysýaça dewýatsot sorok dewýatogo goda roždeniýa. Ýa klewetal swoýu rodinu... Nikakoý demokatiýa, nikakoý oppozisiýa  kotoryh ýa goworil ne suşestwuýet. Byla sozdana prestupnaýa gruppa kotorogo woşli ýa, Hanamow, Orazow i drugiýe. My prožiwali w Rossii, zanimalis upotrebleniýem narkotikow i w sostoýanii opýaneniýe zanimalis podgotowkoý lýudeý, werbowali naýemnikow dlýa sowerşeniýe terroristiçeskogo akta...”

 

Aman  Borisiň tobasynyň yzyny diňlemejek bolup, ýassygy kellesiniň aşagyndan alyp, ýüzi bilen bile iki gulagyna ýapdy. Bu oňa birsellem peýda eden ýaly boldy. Ýöne birazdan Borisiň sesine derek Onjuk Musaýewiň nadara sesi eşidilmäge başlady: “Halk dönüklerini mynjyratmaly, ýok etmeli! Olary ýok etmeseň, eziz adamlar, olar bizi ýok etmekden hiç wagt gaý... gaýt... gaý... daşda durjak däller. Gaýtjak däller olar...”

 

Aman ýassygy zyňyp, saçlaryny penjeleledi-de, garşysynda Onjuk Musaýew duran ýaly, gaharly jabjyndy: “Ýok bol, nejis, git meň kellämden, jähennem bol!” Ýöne, her näçe jabjynsa-da, ol özüni gynaýan sesleri basyp ýatyryp-da, olardan gaçyp gutulyp-da bilmejegini, olaryň özüne  rahatlyk ýa dynç bermejegini aýnada gören ýaly bilýärdi. Emma ol beýnisindäki sesler bilen gidişip ýörşüne, il içinde, ýat hem keseki adamlaryň arasynda daşyndan bir nädogry zat aýdanyndan, özi hakda bir ýakymsyz gürrüň çykmagyna ýol bereninden, her näme-de bolsa öýde ejir çekenini kän howpsuz görýärdi.

 

Aman turup, ýene wiski guýundy hem bulguryndan  owurdyny dolduryp, birsellem agzy içgili iki ýana gezmeledi. Şol wagtam, Onjuk Musaýewi az gören ýaly, beýnisiniň bir ýerlerinden Nyýazow dyzap çykdy: “Eziz adamlar, ine düýn Ýokary Kazyýet karar çykarypdyr. Ýöne siziň çykyşlaryňyzy göz öňünde tutup, eger-de siz kabul etseňiz, ömürlik tussaglyk diýen bir watan dönüklerine jezany Konstitusiýamyza girizeliň. Baş kanunymyza...” Aman gulagynyň içinde ýaňlanan gürrüldili elçarpyşmadan tisginip gitdi. “Ömürlik jeza diýmek, ol gaty güýçli jeza. Özem bäş ýyl türme däl-de, ömrüni türmede geçirer ýaly etmeli...”

 

Aman Nyýazowyň sesinden gutulmak üçin, oglunyň otagyna baryp, onuň saz diňleýän magnitafonynyň düwmesine basdy. Otagy aýdym sesi gaplap aldy:

 

“Bir ahyrzamandy,

sokaklar çoh dardy.

Kesse Leýla bilegni,

Mežnun kanardy.

Syryl-syplamdym,

çyryl-çyplakdym,

gijeniň delisidim,

jähennemiň düýbidim...”

 

Aman KGB magnitafonyň düwmesini basyp, ony sem etdi-de, “Aýdym bolaýşyny” diýip hümürdedi. Ol oglunyň krowatynyň başujyndaky uzyn saçly, eli gitaraly türk aýdymçysyna alarylyp seretdi, suratyň aşak erňegine ýazylan “Murat Kekilli” diýen ýazgyny gözleri bilenç sessiz okady. “Kekilliligiň-ä dogry, hanym” diýip, ol bagşynyň bir artykmaç tarapyny boýun aldy. Ýöne ol onuň bagşylygyny boýun almak islemedi...

 

Aman oglunyň otagyndan çykyp, gör, indi näçinji gezek ony türk-türkmen mekdebine berip, dogry edip-etmändigi barada pikir etdi. Ol oglunyň türk-türkmen mekdebinde okap, iňlisçe öwrenenine, kompýutordan baş çykarşyna guwanýardy. Ýöne ol oglunyň käte namaz okamagyny, hudaý hem halallyk barada gürrüň etmegini welin halamýardy. Bir gezek, agşam nahar başynda otyrkalar, ogly oňa ömür garaşmadyk bir zadyny aýtdy: “Kaka, o gidenleň yzyndan “haramzada” diýip sögýän žurnalistiň özem hiç haramlykdan gaýtmaýan eken?” Aman gürrüňiň “Adalat” gazetiniň baş redaktory Hudaýberdi Gurbandurdyýew hakda barýandygyny bilse-de, bilmedik boldy. “Sen näme diýjek bolýaň?.. Onsoňam men saňa okuwyň bilen bol diýmedimmi?” Ol şeýdip, oglunyň badyny gaçyraryn öýtdi. Emma ogly yza tesmedi: “Ýa “Adalat” gazetiniň žurnalistleriniň aýdanny edip, edenni etmeli dälmikä?” Aman naharyň başyndan  gaharly turup, ýatylýan otaga gitdi hem birküç gün oglundan gaçalaklap gezdi.

 

Prezidentiň baş waspçysy Kakamyrat Ballyýew benzin guýulýan stansiýalarda neşe satdyryp tutulanda, ol oglunyň soragly gözlerinden gaçyp gutulyp bilmejegini bilipdi we ol adamyň düzüw däldigini öňden hem aňandygyny aýdypdy. Ogly şonda kakasynyň bu sözüne monça bolup ýylgyrypdy. Aman oňa düşünýärdi. Çaga kakasynyň haram-halaly seljerýän, hapadan gaça durýan, dogry-dürse gol ýapýan adamlardan bolmagyny isleýärdi.

 

Soň, baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa türmä basylanda hem ol şu taktikany ulandy, onuň düzüw aýal däldigini hemişe bilendigini, degişli ýerine aýdandygyny, emma her zadyň wagty gelýänçä garaşmaly bolýandygyny aýtdy. Ogly oňa ynandy. Sebäbi ol kakasyny hapa bir çukuryň içine düşen, ýöne  arassa, halal, çukurdan sag-aman, üstüni hapalaman çykjak bolýan musulman hökmünde görýärdi.  Has dogrusy, kakasy oňa munuň şeýle bolandygyny, kärdeşleriniň içinde her hili hapa adamlaryň bardygyny, emma olara garşy ýeke bolup göreşmegiň mümkin däldigini, il-günüň bolsa garaşmak pozisiýasynda durýan adamlardan ybaratdygyny düşündiripdi. Ýöne ol oglunyň Gurbanbibiniň “teleçykyşlaryny” ýazgy edip, olara gaýta-gaýta syn edişini halamandy. Bir gezek ol oglunyň Gurbanbibiniň prezidente “halas et” diýip  ýalbarýan ýerini synlap oturan wagty gapydan giripdi. Ol şonda oglunyň ýumruklaryny düwüp: “Ol seniň watan dönükleri diýýänleň däl, seň özüň dönük ýaly-la, daýza?” diýen sözlerini uzak wagtlap ýadyndan çykaryp bilmändi.

 

Aman, ogly ýaly açyk bolmasa-da, özüniňem Gurbanbibiniň “teleçykyşlaryny” gaýtalap göresiniň gelýändigini, ol çykyşlaryň durmuş atly beýik kinoçy tarapyndan düşürilen tapylgysyz bir eserdigini öz ýanyndan boýun aldy hem  oglunyň otagyna baryp, daşyna “Baş prokurorlar” diýlip ýazylan wideokasetany  gözläp tapdy. Aman ol kasetany alyp, öz ýatyş otagyna geldi hem aýbogdaşyny gurup, telewizoryň öňünde oturdy. Ekranda  Gurbanbibi Atajanowanyň şekili görünmänkä sesi eşidilip başlady, ol Ýolly Agaýewiç Gurbanmyradowy paş edýärdi:

 

“Gurbamyradow wezipe ygtyýarlygyny hyýanatly peýdalanyp, döwletiň 60 million 554 müň amerikan dollaryny we 7 milliard 135 million... müň manadyny ogurlap iýip, öz peýdasyna harçlandygyny doly tassyk edildi...” Aman pultyň düwmelerini basyp,  Gurbanbibini Ýolly Agaýewiçden “bökdürdi”. Ýöne ol ony “paş edijilikden” aýryp bilmedi: “Saparmämmet Welieýew döwletiň jemi 80... şu güne çenli jemi 80 million amerikan dollaryny döwletden ogurlap, iýip, eýeläp, öz peýdasyna sowandygy hem-de para alandygy doly subut edildi...” Aman Gurbanbibiniň jynssyz sesine gaşyny çytyp, widoýazgyny ýene “bökdürdi”. Ýöne indi “pida” Atajanowanyň özüdi, ony paş edýän prezidentiň täze “jelladydy”: “Şu güne çenli Atajanowanyň we onuň bilen jenaýata baş goşanlardan jemi 6 million 200 müň amerikan dolalry, 36 sany ýaşaýyş öýleri, 25 sany daşary ýurt ýeňil awtoulagy, 7 sany ýük awtoulagy, 18 sany dürli görnüşli oba hojalyk, gurluşyk tehnikasy, olaryň tirkeg gurallary, 2150 ownuk şahly we 282 sany iri şahly mal we başga birnäçe maddy gymmatlyklar döwletiň haýryna tussag astyna alyndy...” Aman widioýazgyny ýene bökdürdi we Gurbanbibiniň zymdyrylyp geçýän şekilini görüp, oglunyň söýgüli “kinosynyň” iň gyzykly ýerinde saklandy: 

 

“Beýik serdarym, men köp zatlary... Günäm kän, hemme aýdanlaryny, hemme zady men boýun alýan, hiç zady inkär edemok. Hiç zat diýmäne sözümem ýok... Ýöne meň beýik serdarym, size, bütin siziň halkyňyza, halkymyza, hemme işgärlere ýüzlenýän, meň günämi ötüň, bagyşlaň, meň üç sany gyzym bar, oglum ýok, men ýetim däl, men ýesir, meni halas ediň, azatlykdan ýygnamaň...” Aman pultyň düwmesine basyp, ýazgyny togtatdy. Ýöne ol Atajanowanyň beýnisiniň içinde bir ýerde ornaşan agyly sesinden sypyp bilmedi:

 

“Beýik serdarym, ýokarda alla, aşakda... ýurtda siz... bagyşlaň, maňa kömek edibilersiňiz, başga hiç kim kömek edibilmez. Şoň üçin, beýik serdarym, ýaşulujan, gaýrat ediň, meň günämi geçiň, ýalbarýan, ýalbarýan...” Aman garaňkyda poha basyp, burny porsy ysdan dolan adam ýaly, ylgap wannaly otaga girdi hem burnuny, ýüzüni ýuwdy.  Ol wannaly otagdan çykyp, aşhana bardy we ýene wiski guýundy. Ýöne wiskisini owurtlanda gulagyna oglunyň ýumruklaryny düwüp aýdan sözleri eşidildi: “Ol seniň watan dönükleri diýýänleň däl, seň özüň dönük ýaly-la, daýza?”

 

Aman bir gezek nahar iýip otyrka oglunyň şu sözleri ýadyna düşüp,  agzyndaky naharyna hem düwnüpdi. Ol şonda bu sözüň bir gün özüne-de diýilmeginiň mümkindigi, belki-de  gutulgusyzdygy barada pikir edipdi. Gönüläp aýtmasalar-da, adamlar her ministr, her häkim, her kgbeçi işden aýrylanda ýa tutulanda begenýärdiler. Sebäbi adamlar şol garalanýan emeldarlary öz garyp durmuşlarynyň günäkäri hasaplaýardylar. Olar öňki prezidentiň işden aýyrýan adamlary barada aýdýan sözlerine doly ýa-da ýarpy ynanýardylar. Onsoňam olar, eger aýdylýan zatlaryň ýarsy dogry bolanda-da, gaty hapa adamlar bolmalydy. Munuň üstesine, ministr ýa başlyk bellenen adamyň başgalardan tapawutly, baý ýaşaýşy hem garyp adamlarda ýigrenç döredýärdi. Onsoň olar haramlykdan baýan bir adam azalsa, urulsa hem türmä basylsa, hökman begenmelidiler. Belki, öňki prezidentiň oýnan esasy oýny hem şudy. Ol ilki Kakamyrat, Gurbanbibi tetelli adamlary öňe çykarýardy, ösdürýärdi,  soň bolsa olary garalap, halkyň bähbidini araýan adam bolup görünýärdi.

 

Aman, daşyndan bolmasa-da,  içinden bir gün öz üstünden hem düşüljegi barada pikir edýärdi. Bu barada onuň aýaly, ogly hem pikir edýän bolmalydy. Hatda aýaly bir gije “Saňa bir zat bolsa, biz näderkäk?” diýibem sorapdy. Şonda ol, megerem, ilkinji gezek aýalyny kanagatlandyryp bilmändi. Ýogsa ol görgüli suwa düşünip, täp-tämizje bolup, bugaryp ýorganyna giripdi. Aman bu işde egsik ýa ejiz borun diýip hiç wagt pikir etmändi. Bir gezek, saunada bir kärdeşi iki aýdyr aýalymyň ýüzüne seredemok diýende, Aman muňa gaty geň galypdy. Ýöne indi ol kelledäki gaýgy-aladanyň diňe aýaldan däl, ukudan, iýmek-içmekden hem galdyrjagyny bilýärdi. Bir gowy zat, aýaly onuň ýagdaýyna sözsüz düşünýärdi we özi meýil etmese,  kän azar bermeýärdi. Emma onuň ogly bilen gatnaşygy biraz çylşyrymlydy. Ol ilki yz-yzyna iki gyzy bolanda ýüzüni sallapdy, olaryň biriniň ogul bolmagyny isläpdi. Indi, gyzlary durmuşa çykyp, daşlaşyp gidensoň, ol öz naçar perzentlerini has gowy görüp başlapdy. Belki, bu olaryň has az alada bolanlygyndandyr. Sebäbi ol hiç wagt gyzlary  bir biabraýlyga elter diýip alada galmandy, olaryň ejeleri ýaly öý-ojagyna wepaly gelin boljaklaryna ynanýardy. Emma ol ogly babatda beýle arkaýyn bolup bilmeýärdi. Sebäbi men-men diýen adamlaryň ogullary neşekeş, ogry, azgyn bolup çykýardy. Şu sebäpdenem ol ilki oglunyň namaz okap başlanyna begenipdi. Ýöne ogly ulaldygyça onuň berýän soraglary hem barha agralýardy, ol oňa kanagatlanarly jogap berip bilmän kösenýärdi. Megerem şundan, ataly-ogluň arasy barha açylmaga, belki-de ikarada bir gorp emele gelmäge başlady. Soňky döwür ol ogluna gaty-gaýrym bir zat diýmekden gaty ätiýaç edýärdi.  Eger göwnüne degse, ol  onuň esli wagt ýüzüni sallap gezjegini gowy bilýärdi. Ol ozalam kakasyndan daşary ýurda goýbermäni, bärde, ýurt içinde okadýany üçin nägile bolup ýördi.

 

“Çaga-da, daşary ýurtda üýtgeşik gowy bilim berilýändir öýdýär” diýip, Aman daşyndan hüňürdedi. Ýöne ol daşary ýurtdaky okuwyň bu ýerdäki tanyş-bilişlige, para-peşgeşe gurnalan okuwdan kän gowudygyny adamdan sorap bilmeli däldi. Emma ol çagalaryny daşaryk çykaran, daşary ýurtlarda jaý alan, puluny daşaryk çykaran türkmenler ýaly edenli, ýürekli däldi.

Käte ol özüni gorkaklygy, belki-de köp bilip, azdan galýanlygy, mydama pikir edýänligi, ýaýdanýanlygy üçin ýigrenerdi. Bu ýigrenç  ogluny daşary ýurda ibermän, ýalňyş bir iş eden bolmagynyň hem gaty mümkindigi, eger özüne bir zat bolsa, oglunyň soň ne ýurtdan çykyp biljegi, ne bärde idili işe ýerleşip biljegi ýadyna düşende has-da güýçlenerdi.

 

Aman ýene gelip  düşege gyşardy. Ýöne pijamasynyň jübüsindäki sapança ýanyny agyrdy, beýlesine agdaryldy-a, sapançany eline aldy. Edil şol wagtam,  bir oýaran ýaly, beýnisiniň içindäki Nyýazow gürläp başlady:  “Eger onda, eziz adamlar, ölüm sözüni goýalyň. Ady allaň beren öl... özi geregini ýygnaýalar o taýda... yzraýyl gelýä şu edil wagtynda, bir sekunda galman gelýä alyp gitjek bolanda...”

Aman düşekden turup, elindäki sapançany bir ýerlerik zyňmak isledi. Ýöne, her näçe ini söýmese-de, bu sapança oňa köplenç çykgynsyz ýagdaýyň çykalgasy, belki-de ýalňyz gaçyp baryp boljak jaýyň açary bolup görünýärdi.  Ol Nyýazow ölenden soň sapançasyny ýok edip zyňmak ýa adam barmajak bir ýere eltip gömmek isläpdi. Emma biraz soň, Nyýazowyň öldürilen bolmagynyň hem ahmaldygy baradaky myş-myşlar güýçlenip ugranda, ol sapançanyň öňküsinden has beter gerek bolmagynyň hem ahmaldygy barada pikir edipdi. Nyýazowyň baş janpenasy Akmyrat Rejebowyň ogly bilen bile sessiz-üýnsüz tussag edilmegi onuň bu aladasynyň ýerliksiz däldigini görkezipdi. Soň, Nyýazowyň işe bellän kadrlary ýuwaş-ýuwaşdan işden aýrylyp başlandy. Elbetde, Aman ýokary wezipelere bellenip-aýrylýan adamlaryň boýdan-başa korrupsiýa çümen adamlardygyny, täze prezidentiň olary näme edeýin diýse edip biljegini gowy bilýärdi. Ikinjiden, bu “arassalaýyş” Nyýazowyň iş usulynyň gyşarnyksyz dowam etdiriljeginden habar berýärdi. Bu bolsa, eger mantykly oýlanylsa, günleriň bir güni Aman daga hem gezek ýetjegini aňladýardy...

 

Aman KGB käte özüni gorkaklykda, gaýgyçyllykda günäleýärdi. Kärdeşleri, türkmen elitasynyň ondan has kän baýlyk toplan wekilleri hem, daşyndan seretseň, beýle bir aladaly görünmeýärdi.   Emma Aman olaryň köpüsiniň alada-gorkyny içmek, çekmek, aýallar bilen basmaga çalyşýandygyny bilýärdi. Ýöne Amanyň olara bir gözüniň gidýän ýeri hem bardy, olar mümkin boldugyndan ogul-gyzlaryny daşaryk çykarýardylar. Aman munuň diňe ogul-gyzyňy däl, gazanan puluň hem bir bölegini daşaryk, has ygtybarly ýere çykarmakdygyny bilmän duranokdy. Emma ol muny edip bilmändi, gorkupdy. Eger ogluny daşaryk çykaran bolsa, belki, ol oňa belli derejede kepillik bolardy. Ogly daşarda okasa, işe ýerleşse, kakasyna bir zat bolan ýagdaýynda yzyny derňär ýaly derejä ýetse, bärde oňa kän batyrynyp bilmezlikleri hem mümkindi. Galyberse, şu wagt ogly daşarda, Günbatar ýurtlarynyň birinde  bolan bolsa, olam Türkiýä baryp, şol ýere aşyp bilerdi...

 

Adatça bolşy ýaly, daşary ýurda çykmak pikiri Amana biraz  umyt berdi. Onuň ýüzi ýagtyldy. Bu ýagtylyş oňa ilki sapança tutup duran eliniň agyrýandygyny duýdursa, ikinjiden gaty ajygandygyny ýatlatdy. Ol ylgap baryp holodilnigi açdy. Holodilnikde onuň tefal pitisi durdy. Aman bu pitini aýalynyň doglan gününe sowgat alypdy, emma aýaly oňa “Amanyň pitisi” diýip at dakypdy. Ol Aman işden gijä galyp gelse ýa özi ejelerine gidip, Aman öýde galsa, şol pitini sogan bilen gowrulan induk etinden dolduryp goýýardy. Amanyň öler jany tokly ýa göle etidi. Ýöne ol soňky ýyllar holestroly ýokarlanyp, goýun hem göle etinden çeke durýardy. Towuk etini bolsa, diňe derisi sypyrylyp bişirilse iýýärdi.

 

Togsanynjy ýyllaryň başynda, ilki türk iş adamlary gelip başlanda, bir “habarçysy” oňa türkleriň goýun öldürip, onuň içýagyny, guýrugyny taşlaýandyklaryny gürrüň berende, ol olara “samsyk, tentek” diýip sögünipdi. Indi onuň özi hem şol “tenteklige”, has dogrusy, şol akyla uýýardy. Bu ýatlama  Amana türk iş adamlarynyň ýurdy şagal giren towuk ketegine döndürendigi baradaky meňzetmäni ýatlatdy. Bu meňzetmäni hem oňa bir “habarçysy” getiripdi. Ol “habarçy esasan ýazyjylaryň, medeniýet işgärleriniň arasynda işleýärdi. Aman etli pitini ýylatmak üçin gazda goýup, gazy ot bermek üçin otluçöp çakanda ýene bir ýazyjynyň aýdan sözňni ýatlady. “Türkmeniň gazy gutarmasa, demokratiýa bolmaz bärde, Günbataryň gözüni gaz gapyp dur, Günbatar türkmen halkynyň gyrylýanyny görenok, gazyň şuglasyny görýär!” Elbetde, bu sözi hem oňa “habarçysy” getiripdi.

 

Aman garnyny doýrup, birneme rahatlanan ýaly boldy. Ýöne bu rahatlyk uzaga çekmedi. Ol Nyýazowyň halky garyp hem gorkuda saklamak usulynyň ýene dowam etdiriljegi, bu ýagdaýda ýokary gatlak wekilleriniň bikanun baýamagynyň we bir gün özlerini baýadan häkimiýet tarapyndan talanmagynyň, “arassalaýyşlaryň” hem dowam etjegini, diýmek,  “bagtyň çüwüp” ýokaryk galmagyň hem, “bagtyň ýatyp” aşak düşmegiň hem entejik köplere nesip etjegi barada oýlandy. Ol bu “arassalaýyşlar” bir gudrat bilen  togtar, ýuwaş-ýuwaş başga ýola, bir-biregi ýok etmek däl, halas etmek ýoluna düşüler diýip inçejik tama edipdi. Ýöne türkmen mejlisiniň başlygy aýaly bilen bile türmä basylanda bu inçe tamanyň ilki bir kirşi üzülipdi. Soň ol tamanyň kirşleri yz-yza gyrlyp, ol öz ýekeje ýapyşalgasyny hem elden gideripdi.

 

Indi ol, görnüp duran geljekde, ikiden bir belanyň -- ýa dowamly “arasslaýyşlaryň”, ýa-da halk gozgalaňy bilen geljek täze hökümetiň pidasy bolmalydy. Ýöne  ol  bu golaýda halk gozgalaňy esasynda täze bir hökümetiň gurlup biljegi baradaky çaklama gaty bir ynanyp bilmeýärdi. Pikir ýumagy çöşlenip şu ýere ýetende, ol  1995-nji ýylyň iýulynda bolan demonstrasiýany, Aždar bilen Ahmediň 2008-nji ýylyň sentýabrynda Hitrowkada hökümet güýçleri bilen atyşyşyny ýatlap,  munuň beýle bir bolmajak zat hem däldigi barada pikir etdi. Onuň “habarçylary” halk içinde Aždar bilen Ahmet barada edilýän gürrüňleri “gujak-gujak” edip getiripdiler. Ol gürrüňler garyp halkyň ýüregi, aňy bilen Aždaryň tarapyndadygyny görkezýärdi. Eger her obadan iki-üç sany Aždar çyksa, soň olar guramaçylykly  hereket edip başlasalar, Aman ne Milli howpsuzlyk ministrliginiň, ne Içeri işler ministrliginiň, ne goşunyň olaryň öňünde durup biljegini ýene bir gezek kellesinde aýlady.

 

“Rewolýusiýalary akyldarlar planlaşdyrýar, yňdarmalar amala aşyrýar, mugthorlar bolsa onuň hözirini görýär” diýip, Aman bir ýerde okapdy. Ol türkmeniň içinde rewolýusiýany planlaşdyryp biljek adamlaryň tapyljagyna ynanman duranokdy, ýöne munuň üçin biraz wagt gerek bolar diýýärdi. Aman gözüni ýumdy hem obalardan gelen garyp adamlaryň dükanlaryň aýanasyny döwüp, içine kürsäp urşuny, elitanyň ýaşaýan jaýlarynyň talanyşyny, maşynlaryň otlanyşyny göz öňüne getirdi. Ol Gyrgyzystanda rewolýusiýa bolanda, garyp halk hökümet binalary bilen bile türk biznesmenleriniň iş jaýlaryna hem hüjüm edipdir diýip eşidipdi. “Erbet bolar, gaty erbet bolar!” Ol  daşyndan gepläp başlanyny duýup, başyny ýaýkady. Aman KGB-niň alada edýän zady hem şudy, ol adamlaryň arasynda, işde hem şeýdip içki pikirini daşyna çykarmakdan gorkýardy.

 

“Hawa-da, Boris Şyhmyradow keýpine oppozisiýa geçdimi?” diýip, Aman KGB daşyna garanjaklap, daşyndan gepläp başlady. “Hytaýdan bärik çagyrylansoň geçdi, türmä gitmejek bolup geçdi...” Ol gözüni ýumup, türmäniň dymyk, tussagdan hyryn-dykyn doldurylan kamerasyny göz öňüne getirdi.  Ozallar, onuň gören gowy sowet günlerinde türmä diňe ýakasy gaýyşly jenaýatçylar basylardy. Indi, göwnüne bolmasa, türmä basylmajak ýok ýaly. Munuň üstesine, kim jenaýatçy, kim jenaýatçy däl, biler ýaly hem bolmady. Bu gün gül ýaly döwlet işinde işläp ýören adam ertir jenaýatçy, parahor, kezzap ýa ogry, wezipesini hyýanatçylykly peýdalanan... diýlip yglan edilse, hiç kim oňa o diýen ynanmazlyk etmez. Dogry, käbirleri basylan bendäni syýasy tussag hem atlandyrar, ýöne onuň boýdan-başa akdygyna welin hiç kim ynanmaz.

 

Aman KGB soňky döwür diňe türme, oppozisiýa barada däl, eýsem halk hakynda-da köp pikir edýärdi. Ol ozallar öz halkyny hiç halkdan kem ýa asgyn görmezdi. Az sanly bolsa-da, taryhda kän gyrgyna uçrasa-da, ol öz milletiniň öz topragyny gorap, ahyrynda özbaşyna döwletli bolup bilşine guwanýardy. Aman bir millet üçin döwlet gurmagyň tötänlik, bagty çüwmek bolup biljegine ynanmaýardy. Onuňça, munuň üçin pikir-düşünjeli, gaýratly ärler hem şol gaýratly ärleriň arkasynda durýan halk gerekdi.  Her näçe geň hem bolsa, Aman soňabaka bu pikirlerini ýöntemlik hasaplap  başlady. Ýalňyşmasa, onuň kem-kemden, “ogrudan ogurlamak halal” diýip,  mümkin bolan ýagdaýynda, “gara gün üçin serişde” toplap ugramagy hem şu lapykeçlikden başlanypdy. Bu lapykeçlik onda meger Abdy Kulyýewiň Moskwadan yzyna gelip, uzak eglenmän ýurtdan giden günleri  başlanypdy. “Abdy Kulyýew hem başda oppozisiýa geçjek adama meňzänokdy... Emma ol işden kowlandan soň başga adama öwrüldi.  Eger ol Moskwadan gelenden soň yzyna gitmedik bolsa,  ýurt içinde oppozisiýa dörese-de dörärdi... Ýurt içinde oppozisiýa bolan bolsa, hökümet öz adamlaryny beýle soňsuz hapa çümdürip, gorkuda saklap bilmezdi...”

 

Aman özüniň Boris Şyhmyradowyň, Abdy Kulyýewiň atlaryny daşyndan tutup bilşine geň galdy. Ýöne ol indi özüniň ne batyrlygyndan, ne gorkaklygyndan peýda boljagyna ynanýardy. Eger Abdy Kulyýew, Boris Şyhmyradow ýaly oppozisiýa geçip, hökümete garşy bir zatlar edip bilse, olam birsellem il-günüň diline düşüp, gahryman hökmünde görnüp bilerdi. “Ýöne munuň üçin ilki ýurtdan çykmaly, maşgalaňy howpsuz ýere göçürmeli!” Ol öz sesine tisgindi... Öýde onuň ýeke özüdi. Ol käte özüne bir zat ederin öýdüp, öýde ýeke galmakdan gorkýan bolsa, käte beýnisinde bulaşan pikir ýumagynyň ujuny tapmak üçin ýeke galmak hem öz-özi bilen daşyndan, gönümel gepleşmek isleýärdi. 

 

“Ine, gepleşdiňem-dä?” Ol, adatça pikirleri bulaşyp ugranda bolşy ýaly, öz-özünden sorag etmegä başlady. “Hökümete garşy göreşip, halkyň diline-de düşdüň-dä ynha? Ýeri, şonda näme boljak?” Ol halkyň diline düşmekden bir zat çykmajagyny gowy bilýärdi. “Olar dilleriniň eýgiligini görerler, ýöne hereket etmezler, sebäbi herekete geçmek, bolmanda neşe satýan goňşyňa garşy çykmak, “Eý, bu işi etme, bes et, çagalary zäherleme!” diýmek üçinem biraz gaýrat gerek. Emma o gaýrat ýok indi, her kim bir gyrp-çyrp edýär ýa her kesiň bir gowşak, gorkýan ýeri bar. Hemme taraplaýyn arassa adamlar hem gorkýarlar. Sebäbi olar neşe satýan goňşularynyň arkasynda eli güýçli, jübüsi galyň biriniň durandygyny gowy bilýärler. Onsoň, çagalary zäherlemegi bes et diýmäge derek,olar onuň aýdan janlysyna, hudaýýolusyna baryp, işiniň mundan beýlägem oňmagyny diläp töwir galdyrýarlar...”

 

“O halky şu güne salan siz dälmi näme?” Aman KGB kakasynyň tanyş sesine tisgindi. Ol öz pikir çolaşygyny bu zoňtar sesi eşitmän  çöşlemejegini bilýärdi. Kakasy bu sözleri oňa Muhammet Nazarowyň  “bu millet türmede ölen ölüsiniň nämeden ölenini soramaga gorkýar-a” diýenini gürrüň berende aýdypdy. Ol şonda halkyň gorkusynyň aňyrdan, SSSR taryhyndan, bolşewik, NKWD döwründen gelýändigini, muňa özleriniň dahylynyň ýokdugyny aýdypdy. Kakasy munuň bilen yalalaşmandy. Onsoň ol günäni Içeri işler ministrliginiň, prokuraturanyň, suduň işgärleriniň üstüne atmaga çalşypdy. “Halky zir-zöwran edip talaýan, aňňalak gapdyrýan şolar, ýöne bu biziň hem adymyza gidýär” diýip, ol özüni aklamaga çalşypdy. Şonda kakasy: “Men eşidýän, Sapar Seýidow bilen Gajaryň ogly gyr-tutuşmyş, ýöne bu olaryň günäsi däl, ýokarkyň oýny ” diýip, ajy ýylgyrypdy: “Ol siziň eliňiz bilen gazýar, siziň eliňiz bilen ýakýar. Aýtmady diýme,  bu çukura düşjekleriň, bu oda ýanjaklaryň içinde siz hem bolarsyňyz!..”

 

Aman KGB kakasy bilen bu gürrüňi eden wagty içeri işler ministri bolan Gurbanmuhammet Kasymowyň Sapar Seýidowdan has maňlaýly bolup çykandygy hakynda oýlandy. Kakasy onuň adyny “Gajaryň ogly” diýip tutardy. Şol wagt, Kasymow diplomatiki işe geçirilip, daşary ýurda ugradylanda, Aman “Gurbanmuhammet Gajarowiç ýeňildi, gyra zyňyldy” diýip pikir edipdi. Emma soň, Muhammet Nazarowyň, Poran Berdiýewiň we beýlekileriň düşen gününi görüp, ol Gajaryň oglunyň ýeňiji bolandygy, iň esasysy bolsa, aman-esen gutulandygy barada pikir etdi.

 

Gajaryň ogly baradaky pikir Amana ýene daşary ýurda gaçmak çykalgasyny ýatlatdy. Eger gaçyp bilse, bu dogrudanam çykalgady. Sebäbi, bir çykyp bilse, ol özüni ezilen, sütem gören adam edip görkezmegi başararyn öýdýärdi. Öňki diplomatlar, ministrler, hökümet başlygynyň orunbasarlary, bankyň başlygy ezilen, sütem gören adam bolýar-da, ol näme üçin bolmaly dälmişin? Bir gezek, telewizorda Angliýa gaçan rus millioneri hakdaky gepleşigi diňläp otyrkalar, kärdeşleriniň biri oňa  daşary ýurda pulluja gaçan adamlaryň has sylagly bolýandygyny, beýle adamlara derrew oturym berýändiklerini gürrüň beripdi. Şonda ol kärdeşinden “O puluň nähili gazanylandygy bilen gyzyklanýan ýokmy?” diýip sorapdy. Kärdeşi bu soraga gülüp, “Beýle zat diňe kinolarda bolýar” diýipdi.

 

Aman KGB koridordaky uzyn aýnanyň öňüne bardy.  Daşyndan, ýüzünden-gözünden ol kinolara, ertekä ýa kitaplardaky owadanlanan durmuşa ynanjak adama meňzänokdy. “Adamyň, diňe adamyň däl, köp zadyň daşky görnüşi aldagyç bolýandyr, oglum!” Ol ýene kakasynyň sesini eşitdi. Bir gezek, uniwersitetde okaýan ýyllary, ol kakasy bilen jedele girip, “kaka, gazetde şeýle ýazylgy-how” diýipdi. Kakasy onuň bu sözüne köp wagt gülüp gezipdi. “Päh-eý, Amanyň bar bol-a! Ýalanyň ulusy gazetde ýazylýa-da! Gazetde ýazylýan zadyň ondan biri çyn bolanda bu dünýe düzelmejekmi?” Ol kakasynyň hem gülüp, hem gynanyp aýdan sözlerini ýatlap, edil şol wagtkysy ýaly gyzardy.

 

Aman öz uniwersitet döwri bilen oglunyň uniwersitet döwrüni, has anygy, öz pikirlenişi bilen oglunyň pikirlenişini deňeşdirdi. Ol gazetlerde okan, telewizorda gören zadyny şol durşuna kabul ederdi. Emma ogly beýle däldi, onda okan, gören zady hakynda hökman sorag döreýärdi ýa ol aýdylýan, görkezilýän zatdan başga netije çykarýardy. Eger ol ogluny daşary ýyrda çykaryp bilen bolsa, belki, ol bu wagta bir kanun-kadaly ýurtda ýerleşerdi... Bu pikir ony ýene özi, öz sadalygy ýa ýaýdanjaňlygy hakyndaky ynjyk pikire getirdi. Ol ogluny daşary ýurda  “gözegçilik edilýändir”, “gaçjak bolýandyr öýdülmesin” diýip ätiýaç edeni üçin ibermändigini öz-özüne ilkinji gezek boýun aldy.  Bu ony hem gynandyrdy, hem gahar-gazaba mündürdi. Ol birden goşa ýumruk bilen maňlaýyna urdy: “Sadalyk, ýaýdanjaňlyk däl, gorkaklyk, Aman! Gorkaklyk! Sen kölegäňden gorkýaň, iller diňe ogluny däl, gyzlarynam daşaryk çykardy... Pullarynam daşaryk çykardy. Olarda indi bir zat bolsa, soň ýagdaý dörände hasap sorajak adam bar, sende näme bar?” Ol bu soragy özüne berip bilenine begenýän ýaly, haşylap dem aldy. 

 

Aman KGB ýatyş otagyna baryp,  düşege özüni oklady. Ol diňe kellesinde däl, bütin bedeninde erbet ýadawlyk duýdy. Ol bu ýadawlşygy diňe wiski hem uky bilen ýeňip  biljegini, bolmasa, onuň däli etjegini kellesinde aýlap, ýene gidip wiski guýundy we ýarty bulgur içgini bir zarbada başyna çekdi. Soň ol çüýşe bilen bulgury eline alyp gelip, “ind-ä irkilsem gerek” diýen pikir bilen düşegine gyşardy. Wiskiniň baş sämediji güýji oňa bir  kärdeşiň aýdan sözlerini ýatlatdy. “Dert beren taňry dermanynam bile berermiş” diýleni çyn eken, eger arak içip ýatmaly bolsa, men onça aragy hiç wagt içip bilmezdim, wiski ýag ýaly gidýär” diýip, kärdeşi oňa içini döküpdi. Ol gözleriniň ýumlup barýanyny, belki-de indi birsellem dynç alyp biljegini serinde aýlap, çüýşe bilen bulgury krowatyň gapdalyndaky stuljygyň üstünde goýdy...

 

Aman KGB uka çümüp barşyna bir gaba zadyň özüne tarap ýuwaşjadan süýşüp gelşine aňalyp seretdi. Ol zat kem-kem ulalyp, öňki prezidentiň tabydyna öwrüldi. Şondan öň bu ýurtda beýle tabytda jaýlanan bir adam hem bolmandy. Ol ilki tabydyň aşagynda tigirçek bardyr öýtdi, soň onuň ýörite tabyt üçin edilen üsti açyk maşyna ýüklenendigini, ol maşynyň rolunyň ýeňsesinde bolsa täze prezidentiň oturandygyny gördi. Aman prezidentiň tabydynyň basymrak gözüniň öňünden ýitip giderine garaşdy. Ýöne ol gözüniň öňünden ýitip gitmän, daşynda aýlanmaga başlady. Aman “Git bärden, meniň başym aýlanaýar” diýip gygyrdy.  Täze prezident onuň bu sözüne güldi-de: “Men beýik serdarymyzyň içeri hem daşary syýasatyny gyşarnyksyz dowam etdirerin” diýdi. “Bolýar, dowam etdir, ýöne meniň göz öňümden git” diýip, Aman has gaty gygyrdy. “Sen meniň göge uçmagymy isleýäňmi?” diýip, täze prezident sorady. “Hawa, göge uç, ýöne şu taýdan gitseň bolýar” diýip, Aman has-da gaty gygyrdy. “Onda seret!” Täze prezident  şeý diýip, tutup oturan roluny birhili edip silkeledi welin, onuň sürüp barýan maşyny owadan wertolýota öwrüldi-de, asmana göterildi. Aman tabydyň aşak gaçaryndan gorkup, kellesini iki eli bilen tutup ýapyryldy. Täze prezident muňa ha-ha-haýlap güldi-de: “Gorkma, tabyt gaçmaz, ony Akmyrat saklap otyr!” diýdi.

 

Aman öňki prezidentiň janpenasy Akmyrat Rejebowyň tabydy iki eli bilen berk saklap oturanyny diňe şondan soň gördi. Ol wertolýot öz depesinde birki gezek öwrüm eder-de, bir ýerlerik gider diýip oýlandy, emma wertolýot hiç ýere daşlaşyp gitmedi. “Sen meniň näme üçin daşlaşyp gitmeýänimi sorajak dälmi?” diýip, wertolýotuň üstünde oturan prezident sorady. “Hawa, näme üçin gideňok?” diýip, Aman ysgynsyz dillendi. “Sebäbi sen gaçjak bolýamyşyň?” Prezident bu sözleri aýdyp, jynssyz güldi. “Öýünde aýaly bilen bile öldürilen rus kärdeşiň ýadyňdamy? – Prezident birden gülküsini kesip sorady. – Siz bilmesiz zatlary bilýäňiz, beýle adamlary gaçyryp bolarmy ýa bolmaz?.. Siziň ýeriňiz ýa türme, ýa...” Aman onuň sözüni soňlatmady: “A siziň ýeriňiz nire? Ýa siziň günäňiz biziňkiden azmy?” Prezident onuň bu soragyna güldi: “Gep kimiň günäsiniň azlygynsa ýa känliginde däl, kimiň mesele çözýänliginde! Mysal üçin, sen meň ýerimde bolan bolsaň näderdiň?..” Aman bu soraga birbada näme jogap berjegini bilmedi, ýöne ol bu nadaralygy gaýtargysyz hem goýup bilkek däldi: “Men ählumumy günä geçiş yglan ederdim – diýip, ol ýüreginiň bir ýerlerinde baslygyp ýatan arzuwy diline getirdi. – “Hemme kişi diýen ýaly hapa çümdi, munuň esasy günäkäri öňki prezident, geliň geçeni geçdi bileliň, hemme zady täzeden başlalyň” diýerdim.” Prezident oňa ýene güldi. Aman onuň eýýäm öňki prezident ýaly bolanyna, özüni adam däl, hudaý ýaly duýup başlanyna düşünip, ýumrugyny düwüp gygyrdy: “Men özümi ulandyryp zyňdyrman, türmede oturmaly bolsa bile oturarys!..”

 

Aman öz gykylygyna oýandy. Şol wagtam gapy kakyldy. Ol ilki hasyrdap sapançasyny eline aldy, ýöne soň özüni dürsäp, baryp gapynyň “gözünden” daşaryk seretse, işikde kiçi gyzy üç ýaşly agtygynyň elinden tutup dur. Ol gapyny açmazyndan öň sapançasyny ýygnady.


- Kaka, ýatyrmydyň? Ejem “kakaň öýde dynç alýa” diýensoň gaýdyberipdim-dä... Agtygyň “babam” diýip goýmady... Oýaraýdymmy?

- Oňardyň-da oýarsaň! – Aman KGB ejesiniň elinden tutup duran agtyjagyny garbap gujagyna aldy. – Oýaranyň gowu-da, gyzym! Käşgä öňüräk oýaran bolsaň bolmyýamydy kakaňy!.. – Aman agtygyny bagryna basyp, ýatyş otagyna ylgady. Ol agtygyny  krowatda ýatyryp, garnyny gyjyklamany gowy görýärdi. “Sen gelseň, babaň beýdip hanaharap boljakmy, özüne el götermegiň pikirini etjekmi?.. – Ol bu sözleri gyzyna eşitdirmän, agtygynyň gulagyna pyşyrdap aýtdy. – Ol sizi goramagyň, özüni gormagyň, öz bagtyny goramagyň pikirini etjek ahyryn!..”

 

Aman KGB-niň körpe gyzy kakasyny begendirenine monça bolup ýylgyrdy. Ol kakasynyň agtygynyň garynjygyna ýüzüni oýkap, ýaşa dolan gözlerini gizlänini we her hili çykgynsyz güne düşse-de ýanbermezlik, özüňi hem öz ezizleriňi goramaga taýýar bolmak barada pikir edenini çaklardan has bagtlydy.
   
Comments
Write comment
   
No comments.
   
 
 
 
19.12.2010, 09:07
Köpartiýalylyk aladasy

27.02.2010, 09:34
Duşuşykdan soňky duşuşyk

 
Archive
 
Mail list
Galleries
 
 
Partners
 
Форум
 
Центр экстремальной журналистики
 
FreedomForSale
 
Follow us on Twitter
 
 
Рейтинг@Mail.ru
Rambler's Top100Rambler's Top100
 
 
© Türkmenistanyñ Hronikasy 2009 - 2017